20-nji iýulda Birleşen Arap Emirlikleriniň ilkinji zondy «Hope» (Umyt) Mars planetasyna tarap ugur aldy. Kosmos gämisi Ýaponiýadaky kosmodromdan H-IIA göteriji raketasy arkaly uçuryldy. Uçurylyş şowly bolup, enjam 430 kilometr belentlikde göteriji raketadan bölünip aýryldy. Agramy 1350 kilogram töweregi bolan enjam BAE kosmos gullugy, Muhammet bin Reşid kosmos merkezi we ABŞ-nyň üç uniwersiteti bilen bilelikde döredildi. Ol iki sany Gün paneli, ýokary durulykly köp ugurly kamera, infragyzyl we ultramelewşe spektrometrler bilen enjamlaşdyrylandyr.
Zond 200 gün çemesi wagtdan, ýagny 2021-nji ýylyň fewral aýynda Marsa baryp ýetjekdigi habar berilýär. Bu missiýanyň Marsa gonuş maksatlary ýok. Gün panelleri bilen enjamyň ölçegleri 3×7,9 metre deň. EMM-iň (Emirates Mars Mission) esasy wezipesi Marsyň atmosferasyny öwrenmek. Zond planetanyň gazly örtüginiň ýokarky we aşaky gatlaklaryny barlap, olaryň arasyndaky täsirleri anyklar. Zonda berkidilen kamera bolsa, Marsyň ýüzüni ýokary durulykda surata düşürer. Bu zond azyndan bir Mars ýyly (takmynan Ýerdäki iki ýyl bolup durýar) işlär diýlip çaklanylýar. Şeýle-de bolsa, enjamyň has uzak wagt işlemek ähtimallygynyň bardygy tassyklanylýar. Şonuň üçin barlag geçirijiler öz soraglaryna jogap tapmaga wagt taparlar.