Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da mag­lu­mat ge­çi­ri­ji­li­gi­niň ýo­ka­ry tiz­li­gi­ne eýe bo­lan 5G ul­ga­my sy­nag edil­ýär. Ýur­duň Ara­gat­na­şyk we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­lar mi­nistr­li­gi­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, 5G ul­ga­my bi­len il­kin­ji sy­nag iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Ol hem se­kunt­da 1,5 gi­ga­baý­ta deň bol­dy. 5G ul­ga­my­nyň mag­lu­mat ge­çi­ri­ji­li­giniň 4G ul­ga­my­na ga­ra­nyň­da, has go­wy­dy­gy bel­le­nil­ýär. Dün­ýä­dä­ki 5G to­run­da­ky mag­lu­mat alyş-çal­şy­gy ama­ly taý­dan 1 bi­len 20 gi­ga­baýt ara­ly­gyn­da­dy­gy mä­lim edil­ýär. Mag­lu­mat ge­çi­ri­ji­li­gi­niň ýo­ka­ry tiz­li­gi­ne eýe bo­lan 5G ul­ga­my dün­ýä­niň köp ýe­rin­de sy­nag edil­ýär. Bu ugur­da Hy­taý, Ýa­po­ni­ýa we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy ýa­ly ýurt­lar­da has köp iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, yk­jam te­le­fon­la­ry ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­lar hem 5G ul­gam­ly te­le­fon önüm­çi­li­gi­niň ge­ri­mi­ni gi­ňeld­ýärler.