Duzly iýmitleri gowy görýänler çynlakaý pikirlenmelidir. Duzy köp mukdarda sarp etmegiň ýürek-damar keselleriniň döremegine sebäp bolup biljekdigi mälim edilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa edarasy bu barada birnäçe maslahatlary taýýarlady. Bu barada BMG-niň Täzelikler merkezi habar berýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, köp mukdarda duz sarp etmegiň ýokary gan basyşynyň esasy sebäplerinden biridigini, bu bolsa öz gezeginde ýürek-damar keselleriniň emele gelmegine sebäp bolup biljekdigini ýatladýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa edarasynyň iýmitlenmek, fiziki işjeňlik we semizlik ýaly maksatnamalarynyň ýolbaşçysy Žoao Breda bu barada beren beýanatynda şeýle diýdi: «Häzirki wagtda Ýewropa sebitinde duzy sarp etmegiň derejesi gündelik 9 gramdan 19 gram aralygyndadyr. Bu mukdar BSGG-niň gündelik kesgitlän azyndan 5 gram möçberinden has ýokary. Bu jemgyýetiň saglygyna uly howp salýar».
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy dünýäniň ýurtlarynyň hökümetlerine duzy sarp etmegiň möçberini azaltmak babatda degişli çäreleri görmäge çagyryp, bu babatda birnäçe maslahatlar taýýarlady. Olar aşakdakylary öz içine alýar: duzuň aşa köp kabul edilmeginiň howplary barada wagyz çärelerini geçirmek, öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk edip, azyk önümleriniň düzümindäki duzuň möçberini azaltmak, adamlara has sagdyn iýmitler saýlap almaga mümkinçilik döretmek üçin iýmitleriň üstündäki etiketkalara anyk maglumatlary ýerleşdirmek, zyýanly önümleriň çagalara we ýetginjeklere satylmagyny çäklendirmek.
BSGG günde 5 gramdan köp duz iýmezligi maslahat berýär, şol sanda çörekde, taýýar we senagat taýdan gaýtadan işlenen iýmitlerde bar bolan duzuň möçberi hem göz öňünde tutulmalydyr.