Luk­man­lar uzak ýa­şa­ma­gyň aň­sat usu­ly­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­ýärler. Ol hem her gün nä­çe ädim äd­ýän­di­giň bi­len bag­ly­dyr. Bi­ler­men­le­riň yl­my-bar­lag­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, işe py­ýa­da git­me­giň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­sin­den ugur al­ýan­dy­gy­nyň gör­ke­zi­ji­si­di­gi bel­le­nil­ýär. Şeý­le adam­lar has çy­dam­ly bo­lup, ýü­rek agy­ry we beý­le­ki ke­sel­ler­den daş­da bol­ýar. Py­ýa­da ýö­re­me­giň ada­myň ömür do­wam­ly­ly­gy­nyň hem art­ma­gy­na oňyn go­şan­dy bar. Bu ýer­de ýe­ne-de bir ha­ky­kata göz ýe­tir­mek ge­rek. Ol hem ada­myň gün­de nä­çe ädim ät­me­gi bilen baglydyr.
Glaz­go uni­wer­si­te­ti­niň (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa) alym­la­ry işe py­ýa­da ýa-da we­lo­si­ped bi­len gid­ýän­le­riň sag­dyn bol­ýan­dy­gy­ny bel­läp geç­di­ler. Olar bu ba­bat­da 5 ýyl­lyk yl­my-sel­jer­me ge­çi­rip, 200 müň­den gow­rak bri­tan ra­ýat­la­ry­nyň gün­de­lik dur­mu­şy­ny öw­ren­di­ler. Şol dö­wür­de bu adam­la­ryň bel­li bir bö­le­gi dür­li ke­sel­le­re du­çar bol­dy. Ke­sel­ler­den daş­da dur­ýan­la­ryň hem esa­sy sy­ry py­ýa­da ge­ze­lenç bol­dy.
Py­ýa­da ge­ze­lenç edi­lende ädil­ýän ädim­le­riň tiz­li­gi we onuň üçin sarp edil­ýän wag­tyň hem mö­hüm­di­gi bel­le­nil­ýär. Bu ba­bat­da bol­sa, Gü­nor­ta Ka­ro­li­na luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň (ABŞ) bi­ler­men­le­ri de­giş­li iş­le­ri ge­çir­di­ler. Olar hem 135 müň ame­ri­ka­ly ra­ýa­ty­ň gün­de­lik dur­mu­şy bi­len 3-4 ýyl gy­zyk­lan­dylar. Olar her hep­de azyn­dan 150 mi­nut ýö­rän adam­la­ryň sag­dyn bo­lan­dy­gy­ny bel­läp geç­ýär­ler. Şeý­le hem ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra la­ýyk­lyk­da, ädim­le­riň sa­ny­nyň hem köp bol­ma­gy mö­hüm­dir. 4 müň­den gow­rak ädi­len ädim­ adam­la­ry has sag­dyn bol­ma­gyna getirýär. Bu ba­ra­da hem Gar­ward luk­man­çy­lyk mek­de­bi­niň alym­la­ry­nyň bar­la­gyn­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.