Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý sessiýasyna päsgelçilik döretmez. Delegatlar meýilleşdirilişi ýaly umumy maslahatlar we başga-da birnäçe möhüm ýokary derejeli duşuşyklar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen gününi bellärler. Ýöne Nýu-Ýorkda däp bolup gelýän ýokary derejeli güýz hepdeliginiň formaty üýtgediler – şu ýyl dünýä ýurtlarynyň ýolbaşçylary, kadadan çykma hökmünde ýazga alnan wideo çykyşlaryny iberip bilerler.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasy 15-nji sentýabrda resmi taýdan açylar. Sessiýanyň ilkinji günlerinde, esasan, Assambleýanyň esasy komitetleriniň 6-syna gün tertibiniň paýlanyşy bilen baglanyşykly esasy meseleler çözüler. Her ýylky umumy ara alnyp maslahatlaşma – sessiýanyň iň möhüm bölegi 22-nji sentýabrda başlar. Däp bolşy ýaly, olar Braziliýa tarapyndan açylýar, ondan soňra BMG-niň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýurdy hökmünde ABŞ çykyş edýär. Düzgün bolşy ýaly, şol hepde döwlet we hökümet baştutanlary Nýu-Ýorka gelýär. Baş Assambleýa karar kabul edip, kadadan çykma hökmünde döwletleri öňünden ýazga alnan wideo beýannamalaryny ibermäge çagyrýar. Bu çykyşlar, diňleýjileriň sanawyna we iş kadalaryna laýyklykda, maslahat zalyndaky ekranda görkeziler. Baş Assambleýanyň zalynda döwlet delegatlarynyň sany çäkli bolar.
Maslahatyň öňüsyrasynda, 21-nji sentýabrda, BMG-niň 75 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli maslahat geçiriler. Mundan başga-da, hepdäniň çäginde (şu ýyl birneme uzaldyldy) ýene üç sany ýokary derejeli maslahat meýilleşdirilýär. Biodürlülik boýunça sammit 30-njy sentýabrda, zenanlaryň hukuklary boýunça Pekin jarnamasynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sammit 1-nji oktýabrda we ýadro ýaragsyzlanmak meselesi boýunça sammit 2-nji oktýabrda geçiriler. BMG-niň Baş Assambleýasy guramanyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşýan edarasydyr. Oňa guramanyň ähli agza döwletleriniň wekilleri girýär.
Parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri ýa-da täze agzalaryň kabul edilmegi ýaly möhüm meseleler boýunça kararlar sesleriň üçden ikisini talap edýär. Beýleki meseleler boýunça kararlar adaty köplük tarapyndan kabul edilýär. Baş Assambleýa parahatçylyk we howpsuzlyk, ösüş, garyplyk we ýokanç keselleri ýok etmek, ýaragsyzlanmak, adam hukuklaryny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak we beýlekiler üçin jogapkärçilik çekýän ýeke-täk ählumumy edaradyr. 1946-njy ýylda Baş Assambleýa 51 döwlet girýärdi, indi bolsa olaryň sany 193-e ýetdi.
Baş Assambleýa 75 ýyl bäri ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň gerimini has-da giňeldip, häzirki wagtda sosial we ykdysady ösüş, terrorçylyga, korrupsiýa, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna we AIDS-e garşy göreş, zenanlaryň, bosgunlaryň, maýyplaryň, ýerli halklaryň we çagalaryň hukuklaryny goramak, şeýle hem demokratiýanyň esasy ýörelgelerini öňe sürmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly meselelere seredýär. Şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy hökmünde türk diplomaty, syýasatçysy Wolkan Bozkyr saýlandy.