Şwe­si­ýa­nyň ra­ýat­la­ry eko­lo­gi­ýa taý­dan has aras­sa ulag­lar­da Mer­ke­zi Ýew­ro­pa­nyň şä­her­le­ri­ne sy­ýa­hat et­mä­ge müm­kin­çi­lik alar­lar. Bu ba­ra­da Şwe­si­ýa­nyň hö­kü­me­ti­niň met­bu­gat be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär. Şwe­si­ýa­ny Mer­ke­zi Ýew­ro­pa­nyň bir­nä­çe ýur­dy bi­len bir­leş­dir­ýän de­mir ýol ugur­la­ry­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky tas­la­ma, zy­ýan­ly gaz­la­ryň ho­wa zy­ňyl­ma­gy­na gar­şy bar­ha art­ýan gö­reş­den soň hö­kü­met ta­ra­pyn­dan öňe sü­rül­di.
Şwed hö­kü­me­ti ýur­duň ra­ýat­la­ry­na eko­lo­gi­ýa taý­dan daş­ky gur­şa­wa zy­ýa­ny az bo­lan ulag­la­ry ulan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär. Hö­kü­met öz ge­ze­gin­de, eko­lo­gi­ýa sal­gy­dy­ny öz içi­ne al­ýan ra­ýat ho­wa gat­na­wy­nyň zy­ýan­ly tä­sir­le­ri­ni azalt­mak mak­sa­dy bi­len bir­nä­çe çä­re­le­ri gi­riz­di. Ne­ti­je­de, Şwe­si­ýa­nyň de­mir­ ýol kom­pa­ni­ýa­la­ry 2 ýyl bä­ri ýo­lag­çy­la­ryň sa­ny­nyň kö­pe­len­di­gi­ni bel­li­ge alyp­dyr­lar.
Şeý­le-de bol­sa, Şwe­si­ýa­nyň hö­kü­me­ti ga­za­ny­lan üs­tün­lik bi­len ka­na­gat­lan­mak is­le­me­ýär we in­di ýur­duň trans­port eda­ra­sy­na Malm­ö bi­len Brýus­se­liň, şeý­le-de Stok­golm we Gam­bur­gyň ara­syn­da 2022-nji ýy­lyň 1-nji aw­gus­ty­na çen­li gi­je­ki ot­lu­la­ry gu­ra­mak mak­sa­dy bi­len sa­tyn alyş amal­la­ry­ny ge­çir­me­gi tab­şyr­dy. Hal­ka­ra gi­je­ki ot­lu­la­ry­ny sa­tyn al­mak üçin 400 mil­li­on şwed kro­ny (tak­my­nan 45,2 mil­li­on dol­lar) möç­be­rin­de ma­ýa go­ýu­my gö­nük­dir­mek ba­ra­da yg­lan edil­di.
Hä­zir­ki wagt­da Şwe­si­ýa­nyň hö­kü­me­ti ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne gar­şy gö­reş­de üs­tün­lik ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len, gel­jek­de eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ry­ny ulan­mak üçin has giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­me­gi ni­ýet edin­ýär.