«Audi»-niň «e-tron»
mo­del­i iki­ta­rap­la­ýyn zar­ýad ul­ga­myna eýe bolup, bu elekt­rou­lag baş­ga bir ula­ga ýa-da is­len­dik uly göw­rüm­li en­ja­ma zar­ýad ber­mäge ukyplydyr.
Ger­ma­ni­ýa­nyň «Audi» kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­niň iň yg­ty­bar­ly ulag­la­ry­ny ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýar. Kom­pa­ni­ýa soň­ky ýyl­lar­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän mo­del­le­ri hem iş­läp düz­ýär. Bu ugur­da öň­de­ba­ry­jy bol­ma­gy mak­sat edin­ýän ne­mes bren­di «Ha­ger Group» şe­re­ke­ti bi­len ener­gi­ýa ge­çi­riş teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len yla­la­şy­ga gol çek­di. Şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, «Audi»-niň elekt­rou­lag mo­del­le­ri bo­lan «e-tron»-lar­da iki­ta­rap­la­ýyn zar­ýad ul­ga­my otur­dy­lar. Bu elekt­rou­lag­lar baş­ga bir ula­ga ýa-da is­len­dik uly göw­rüm­li en­ja­ma zar­ýad ber­mek mak­sa­dy bi­len ula­ny­lar. Şeý­le hem bu teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly öýüň elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny hem üp­jün et­mek müm­kin. «Audi AG» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iki­ta­rap­la­ýyn zar­ýad ul­gam­la­ry mak­sat­na­ma­sy­nyň do­lan­dy­ry­jy­sy Mar­tin Dem aw­tou­lag se­na­ga­ty bi­len elekt­rik ener­gi­ýa pu­da­gy­nyň bir-bi­ri­ne örän ýa­kyn­la­şan­dy­gy­na ün­si çe­kip: – «Audi e-tron»-yň ba­ta­re­ýa­sy bir ho­ja­ly­gyň 1 hep­de­lik elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny üp­jün edip bi­ler. Gel­jek­de bu müm­kin­çi­li­gi hem­me­ler üçin el­ýe­ter­li et­me­gi we elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän aw­tou­lag­la­ryň ener­gi­ýa ge­çi­ri­ji zyn­jy­ry­nyň iş­jeň bö­le­gi bo­lup bil­jek­di­gi­ni çak­la­ýa­rys. Elekt­rou­lag­lar ti­gir­li ener­gi­ýa çeş­me­le­ri bo­lup bi­ler – diý­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň gel­je­gi­ne uly ynam bil­dir­ýär. Ola­ryň pi­ki­ri­çe, aw­tou­la­gyň ba­ta­re­ýa­sy­na öýüň ener­gi­ýa ul­ga­my ar­ka­ly gys­ga wagt­da zar­ýad be­rip bol­ýan bol­sa, ula­gyň ba­ta­re­ýa­sy­ny hem yzy­na zar­ýad ber­mek üçin peý­da­la­nyp bo­lar. Ula­ny­jy­lar elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny Gün pa­nel­le­ri ar­ka­ly al­ýan bol­sa, mu­ny sak­la­mak üçin aw­tou­la­gy­nyň ba­ta­re­ýa­syn­dan peý­da­la­nyp bi­ler. Şeý­le­lik­de, Gü­nüň şöh­le­si ýok wag­ty aw­tou­lag­da­ky ener­gi­ýa öýüň ze­rur­lyk­la­ry üçin peý­da­la­ny­lyp bil­ner. Hü­när­men­ler ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa ta­lap ed­ýän bu teh­no­lo­gi­ýa­ny gys­ga wagt­da dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär­ler. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, soň­ky ýyl­lar­da çy­kan te­le­fon­la­ryň kä­bi­ri­ni hem baş­ga mo­bil en­jam­la­ra zar­ýad ber­mek üçin peý­da­la­nyp bol­ýar.