Kiçijik bölejikler arkaly dürli şekilleri ýasap bolýan oýnawaçlary öndürýän «Lego» kompaniýasy «Grand Piano» atly pianinosyny tanyşdyrdy. Kiçi göwrümli bu saz guralyny adaty pianino ýaly çalyp bolýar. Onuň jemi 25 klawişesi bar. Oýunjakda pianinonyň pedallary we beýleki ähli bölekleri göz öňünde tutulypdyr. «Grand Piano» 350 dollardan satuwa çykaryldy.
Daniýanyň «LEGO Group» kompaniýasy 1932-nji ýylda bir-birine geýdirilip, täze şekilleri döredip bolýan oýnawaçlary öndürip başlaýar. Wagtyň geçmegi bilen bu täsin oýunjaklar bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolýar. Ilkibaşda tagtadan ýasalan oýnawaçlar soňlugy bilen has ýeňil we aňsatlyk bilen tapyp bolýan plastmassalardan öndürilip başlanýar. Lego oýnawaçlary, esasan, 7-16 ýaş aralygyndaky çagalara niýetlenen. Emma has kiçi çagalar üçin niýetlenen «Lego Baby» (0-3 ýaş), «Lego Duplo» (0-6 ýaş) ýaly oýnawaçlar bilen bir hatarda «Lego City», «Lego Creator», «Lego System», «Lego Technic», «Lego Bionicle», «Lego Belville» ýaly ýaş aýratynlyklaryna görä dürli oýnawaçlar öndürýär. Bu oýunjaklar ýönekeýdigine garamazdan, çagalaryň hyýaly dünýäsini giňeldýär. Sebäbi, kiçijik böleklerden peýdalanmak arkaly ýüzlerçe şekili döredip bolýar. Kompaniýa müşderilerden gelen islegleri nazarda tutup, täze harytlary taýýarlaýar.