Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi, jem­gy­ýe­tiň öz­ger­me­gi kä­bir tä­ze hünär­leri dö­red­ýär, kä­si­ne bol­sa ze­rur­lyk du­ýul­man­soň ýi­tip gid­ýär. Bi­ler­men­ler öňü­miz­dä­ki 20 ýyl­da has köp ze­rur­lyk du­ýul­jak tä­ze hünärle­ri kes­git­le­di­ler.
Ine, ola­ryň kä­bi­ri:
Aras­sa ener­gi­ýa hü­när­me­ni: soň­ky ýyl­lar­da ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän gör­nüş­le­ri art­ýar. Se­bä­bi ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­ri­ni al­mak ada­ty çeş­me­ler­den ar­zan dü­şüp baş­la­dy. Şeý­le hem daş­ky gur­şa­wy aýaw­ly sak­la­mak ba­bat­da edil­ýän ta­gal­la­lar ener­gi­ýa­nyň te­bi­ga­ta ze­per ýe­tir­mez­den üp­jün edilme­gini ta­lap ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da köp ýurt­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len bir ha­tar­da ýan­gy­jyň bir­nä­çe gör­nü­şi Gün, ýel, suw ýa­ly te­bi­gy çeş­me­ler­den hem-de önüm­çi­lik ga­lyn­dy­la­ryn­dan alyn­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, haý­sy se­bit­de, ener­gi­ýa­nyň nä­hi­li gör­nü­şi­ni ön­dür­me­giň ne­ti­je­li bol­jak­dy­gy­ny kes­git­le­mek bu ugur­da tej­ri­be­li hü­när­men­le­re bo­lan ze­rur­ly­gy ýü­ze çy­kar­ýar.
Dron pi­lo­ty: ki­çi göw­rüm­li uç­ýan en­jam­lar häz­ir­ki wagt­da gu­şu­çar be­lent­likden su­ra­ta ýa-da wi­deo dü­şür­mek, sar­gyt edi­len ha­ry­dy sal­gy­sy­na el­tip ber­mek, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ne dö­kün ber­mek, agaç na­hal­la­ry­ny oturt­mak, hat­da go­ýun bak­mak ýa­ly mak­sat­lar bi­len ula­nyl­ýar. Em­ma ola­ry uzak­dan do­lan­dyr­mak aň­sat däl. Şol se­bäpli bu ugur­dan ýe­ter­lik bi­li­mi we tej­ri­be­si bo­lan hü­när­men­ler ge­rek bol­ýar.
3D prin­ter hü­när­me­ni: üç öl­çeg­li prin­ter­ler gu­rul­jak ýa-da ýa­sal­jak bol­ýan za­dy ga­ly­pa guý­mak ar­ka­ly dö­red­ýär. Öňün­den üç öl­çeg­li çyz­gy­sy taý­ýar­la­nan önüm ada­tdaky­lar­dan ta­pa­wut­ly bo­lan çig mal ulan­mak ar­ka­ly gu­ýul­ýar. Önüm­çi­li­giň bu usu­ly has ar­zan düş­ýär. Şol se­bäp­li awia­si­ýa, kos­mos, aw­tou­lag we se­na­ga­tyň beý­le­ki ugur­la­ryn­da peý­da­la­nyl­ýar. Öý şert­le­rin­de bol­sa, ki­çi göw­rüm­li is­len­dik şe­kil­dä­ki za­dy ýa­sap bol­ýar. Aý­da­ly, haý­sy­dyr bir en­ja­my­ňy­zyň gul­py dö­wül­di. En­ja­myň ba­zar­dan sa­tyl­ma­ýan şol bö­le­gi­ni onuň 3D çyz­gy­sy­ny taý­ýar­la­mak ar­ka­ly ýa­sap bol­ýar. El­bet­de, bu ýörite bi­lim ta­lap ed­ýär.
Eme­li aň­dan peý­da­lan­ýan sag­ly­gy go­ra­ýyş hü­när­me­ni: is­len­dik nä­hoş­ly­gy nä­çe ir anyk­la­saň, ony be­jer­mek hem şon­ça aň­sat bol­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da ke­sel­le­ri en­tek ýü­ze çy­kyp-çyk­man­ka anyk­lap, onuň öňi alyn­ýar. Ösen luk­man­çy­lyk bu ugur­da hem eme­li aň­dan peý­da­la­nyp baş­la­dy. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň bu gör­nü­şi ke­sel­le­ri ta­kyk anyk­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu ugur­da zäh­met çek­jek hü­när­men­ler bol­sa, luk­man­çy­lyk bi­len bir ha­tar­da in­že­ner­çi­lik­den hem baş çy­kar­ma­ly bol­ýar­lar.
Mag­lu­mat go­rag­ly­ly­gy hü­när­me­ni: in­ter­ne­tiň ýaý­baň­lan­ma­gy, köp mag­lu­ma­tyň komp­ýu­ter­ler­de sak­lan­ma­gy mag­lu­mat­la­ryň go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge ze­rur­ly­gy art­dyr­ýar. Bank ha­sap­la­ry­nyň bel­gi­le­ri­niň, fo­to­su­rat­la­ryň we beý­le­ki äh­mi­ýet­li mag­lu­mat­la­ryň in­ter­ne­te bi­rik­di­ri­len komp­ýu­ter­ler­de bol­ma­gy ola­ry go­ra­mak üçin hem de­giş­li hü­när­men­le­ri iş bi­len üp­jün eder.