Bir döwürleriň ägirdi, «demir» lakamly, amerikaly Maýk Taýson 15 ýyldan soň, boksa dolanýar. 54 ýaşly meşhur boksçy şu ýylyň 12-nji sentýabrynda ringe çykar. Ol şol gün Kaliforniýada köne boksçylardan Roý Jons Junior bilen özara duşuşyk geçirer. Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu tutluşygy 8 raund bolar. Karýerasy boýunça 58 duşuşyk geçiren Maýk Taýson şol tutluşyklaryň 50-sinde ýeňiş gazanypdy. 6 gezek hem ýeňlen Taýson soňky sapar 2005-nji ýylda Kewin MakBraýd bilen tutluşypdy.