Türkmenistan dünýä habarlar giňişligine işjeň aralaşýar. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryndan peýdalanmagy ugrunda giň tagallalar edilýär. Bu maksatlaýyn wezipelere laýyklykda, Daşary işler ministrligi degişli işleri alyp barmak we dünýä maglumatlar giňişligindäki ornuny giňeltmek arkaly öz işiniň elektron görnüşini güýçlendirýär.

Go­laý­da, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Türk­me­nis­ta­nyň ýe­ten be­lent sep­git­le­ri­ni, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ama­la aşyr­ýan üs­tün­lik­li sy­ýa­sa­ty­ny giň­den ýaý­ma­ga, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny des­sin be­ýan et­mä­ge gö­nük­di­ri­len web-se­riş­de­le­rin­de tä­ze üýt­get­me­le­riň bir­ba­da bir­nä­çe­si gi­ri­zil­di.
Hu­su­san-da, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan «www.ne­ut­ra­li­ty.gov.tm» res­mi saý­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň eser­le­ri­niň elekt­ron ki­tap­ha­na­sy açyl­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň eser­le­ri­niň bu ýy­gyn­dy­sy gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän oky­jy­la­ryň bi­li­mi­ni art­dy­rar, yl­my iş­gär­ler, so­sio­log­lar we sy­ýa­sat­çy­lar üçin mö­hüm gol­lan­ma bo­lar. Mil­li Li­de­ri­miz öz eser­le­rin­de türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny, däp-des­sur­la­ryň köp­dür­lü­li­gi­ni, mil­li mi­ra­sy­my­zyň mi­ze­mez äh­mi­ýe­ti­ni hal­ky­my­zyň şöh­rat­ly ta­ry­hy­nyň köp gat­ly sa­hy­pa­la­ry­ny hem-de Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­sat­da, yk­dy­sa­dy­ýet­de, yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň hem-de mak­sat­na­ma­la­ryň maz­mu­ny­ny açyp gör­kez­ýär.
In­di bu­la­ryň äh­li­si ägirt uly dün­ýä on­laýn au­di­to­ri­ýa­sy­na el­ýe­ter­li­dir – elekt­ron ki­tap­ha­na­syn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň türk­men di­lin­dä­ki­den baş­ga-da, dün­ýä dil­le­ri­niň 20-den gow­ra­gy­na ter­ji­me edi­len ki­tap­la­ry­ny oka­mak bol­ýar. Özi-de ki­tap­lar bu ýer­de 3D gör­nü­şin­de hö­dür­le­nil­ýär, okal­ýan wag­tyn­da bol­sa ugur­daş ses şe­kil bi­len ut­gaş­ýar.

ÝUR­DU­MY­ZYŇ ÜS­TÜN­LIK­LE­RI­NIŇ
ON­LAÝN SER­GI­SI
Di­ýa­ry­my­zyň şan­ly hemişelik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp dö­re­di­len «www.neut­ra­li­ty.gov.tm» saý­tyn­da tä­ze bir bö­lüm – Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şanly 25 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan on­laýn ser­gi açyl­dy. Bu wir­tu­al ser­gi­de Di­ýa­ry­my­zyň äh­li pu­dak­la­ry, ola­ryň esa­sy eda­ra­la­ry we kär­ha­na­la­ry ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän dür­li gör­nüş­li önüm­ler, şol san­da da­şa­ry ýurt­la­ra iber­mä­ge ni­ýet­le­nen önüm­ler gör­ke­zil­ýär.

Se­na­gat, ne­bit we gaz, ulag hem-de ara­gat­na­şyk, söw­da, bi­lim, ylym, sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de sport, oba ho­ja­ly­gy, me­de­ni­ýet top­lum­la­ry­na ba­gyş­la­nan bö­lüm­ler­den baş­ga-da, ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň we paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­ri­niň elekt­ron «di­war­lyk­la­ry» bar. Umu­man, te­ma­ti­ki bö­lüm­le­riň 15-si Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň dur­mu­şy ha­kyn­da gür­rüň ber­mek bi­len, ýur­du­myz­da alyp bar­ýan aja­ýyp öz­gert­me­le­ri­niň mi­we­le­ri­ni aý­dyň gör­kez­ýär. Ser­gi­niň baý maz­mun­ly­ly­gy, fo­to­su­rat­la­ryň köp­dür­lü­li­gi, wi­deo­şe­kil­ler on­laýn ser­gä gat­na­şy­jy­la­ra eziz Di­ýa­ry­myz, onuň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty ba­ra­da aý­dyň dü­şün­je al­ma­ga ýar­dam eder.
Bu­lar­dan baş­ga-da, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi elekt­ron gör­nüş­dä­ki «Hal­ka­ra tä­ze­lik­ler» ga­ze­ti­niň işi­ni ýo­la goý­dy. Onuň il­kin­ji sa­ny da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň saý­tyn­da ýer­leş­di­ril­di.