Amerikaly meşhur aktrisa soňky ýyllarda ençeme filmi ekranlara çykan Zendeýa belli režissýor Aleks Garlandyň täze filminde baş keşbi ýerine ýetirer. “A24” studiýasy tarapyndan öndüriljek film ylmy-fantastik görnüşde bolup, onuň ady häzirlikçe mälim edilmedi. Filmiň edebi esasyny režissýoryň özi ýazar. 54 ýaşyndaky Garland “Köne maşyn” (Ex Machina, 2014), “Raýatlyk urşy” (Civil War, 2024), “Gabaw astynda” (Warfare, 2025) ýaly filmler bilen meşhurlyk gazanypdy.