Türkmenistan gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýermek bilen, dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklaýar we zerur bolan halatynda goňşulary üçin ýeňil bolmadyk döwürde ýardam kömegini berýändir. Bu hereketler bolsa, öz nobatynda, türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr.
Ýurdumyz BMG-niň ähli gatnaşyjy-döwletleri tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň ähli ýurtlary, hususan-da ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli goňşuçylyk hem-de parahatçylyk söýüjilik gatnaşyklaryny saklaýandyr. Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň saklanylmagyna gönükdirilen halkara işlerine işjeň gatnaşmak bilen, goňşy Owganystanyň halkara hem-de sebit hereketlerine durmuş-ykdysady taýdan gatnaşmagyna möhüm goşandyny goşýar we iş ýüzünde iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirýär hem-de ynsanperwer häsiýetli kömeklerini yzygiderli berýändir.
Şu gezek hem hormatly Prezidentimiz Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegini bermek barada degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarynda ýardamlary hem-de halkara derejede hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatynda möhüm halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy. Daşary işler ministrligine Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömek hökmünde iberiljek lukmançylyk enjamlarynyň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmek, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna bolsa ähli ýardamlary bermek tabşyryldy.
Garaşsyz Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly ygtyýarly agzasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylan hem-de ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny doly derejede ýerine ýetirýär. Mälim bolşy ýaly, ynsanperwer kömegi dürli adatdan daşary ýagdaýlardan ejir çeken ilata meýletin, muzdsuz kömek bermekden ybaratdyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda hemişelik Bitarap Türkmenistan dürli ýurtlaryň halkyna ynsanperwer kömegini bermekde oňyn tejribe toplady. Biziň ýurdumyz möhüm ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de birek-birege kömek bermek ýörelgelerine we umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, beýleki ýurtlara hemişe kömek bermäge taýýardyr.
Soňky ýyllarda ynsanperwer kömegi bilen bagly köp çäreleriň amala aşyrylmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ençeme döwletlere ynsanperwerlik kömegi berilýär. Türkmenistan goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna hem yzygiderli ynsanperwerlik kömegini berýär. Biziň ýurtlarymyzy gadymdan gelýän doganlyk we ruhy ýakynlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň taryhy kökleri iki halkyň birek-birege hormat goýmagynyň esasy bolup hyzmat edýär. Biziň ýurdumyz goňşy Owganystana yzygiderli ynsanperwer kömegini berýär, onuň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine goldaw berýär.