Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry bi­len Ga­raş­syz­ly­gymyzyň şan­ly 25 ýyl­lyk to­ýu­na bar­ýan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz ro­waç­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň tä­ze sep­git­le­ri­ne ta­rap be­dew ba­dy bi­len men­zil­ler aş­ýar.
Bil­şi­miz ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan dün­ýä ýurt­la­ry bi­len hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ge­ri­mi­ni bar­ha gi­ňeld­ýär. Pa­ra­hat­çy­lyk we howp­suz­lyk, dur­nuk­ly ösüş, ulag, ener­ge­ti­ka, yn­san­per­werlik me­se­le­le­rin­de ýo­la go­ýul­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­sin­de, bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy bar­ha be­len­de gal­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýene bir ug­ry se­bit­de eko­lo­gi­ýa me­se­le­sin­de we te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­la­ryň tö­we­kgel­çi­li­gi­ni azalt­mak ba­bat­da­ky me­se­le­de aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Hut şo­nuň üçin-de, äh­lu­mu­my dur­nuk­ly ösü­şiň aý­ryl­maz şer­ti bo­lan bu me­se­le Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji mej­li­sin­de ile­ri tut­ýan ga­raýyş­la­ryn­da öz my­na­syp be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çöz­mek ba­bat­da anyk çä­re­le­ri ama­la aşyr­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär. Mu­ny Türk­me­nis­ta­nyň gel­jek­de Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­syn­da (AHEHG) baş­lyk­lyk et­me­gi­niň we Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de bar bo­lan hal­ka­ra usul­la­ry na­za­ra al­mak bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça baş­lan­gyç­la­ry­ny öňe sür­me­gi hem aý­dyň be­ýan ed­ýär. Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy di­ňe Aral ýa­ka­sy­nyň däl-de, eý­sem, tu­tuş se­bi­tiň eko­lo­gi­ýa taý­dan sag­dyn­laş­ma­gy­na hem-de dur­muş-yk­dy­sa­dy we suw me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len tas­la­ma­la­ry hem-de mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­mak üçin yg­ty­bar­ly esas bo­lup dur­ýar.
Türk­me­nis­tan mil­li Li­de­rimiziň oňyn sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çöz­mek­de dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de bir­nä­çe anyk baş­lan­gyç­la­ry öňe sü­ren­di­gi­ni ýat­lap geç­mek ze­rur­dyr. Şol baş­lan­gyç­lar BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň we iri hal­ka­ra fo­rum­la­ry­nyň, şol san­da Bra­zi­li­ýa­nyň Rio-de-Ža­neý­ro şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “Rio+20” Bü­tin­dün­ýä sam­mi­ti­niň, Ýa­po­ni­ýa­nyň Sen­daý şä­he­rin­de ge­çi­ri­len BMG-niň te­bi­gy bet­bagt­çy­ly­gyň how­pu­ny pe­selt­mek bo­ýun­ça III Bü­tin­dün­ýä mas­la­ha­ty­nyň hem-de Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Te­gu şä­he­rin­de gu­ra­lan VII Bü­tin­dün­ýä suw fo­ru­my­nyň be­lent mün­be­rin­de be­ýan edi­lip­di.
Ha­wa, yn­san ýa­şaý­şy üçin ze­rur­lyk bo­lan suw­dan re­je­li peý­da­lan­mak ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän sy­ýa­sa­tyň mö­hüm ug­ru­dyr. Öz no­ba­tyn­da, mu­nuň özi eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny aýaw­ly sak­la­mak we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýa­kyn­dan ýar­dam ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da su­wa­rym­ly eke­ran­çy­ly­ga, gur­lu­şy­ga hem-de gid­ro­teh­ni­ki des­ga­la­ra su­wy tyg­şyt­la­ýan döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň uly tej­ri­be­si top­la­nyl­dy. Mu­nuň özi oba ho­ja­lyk ul­ga­my­nyň ne­ti­je­li ös­dü­ril­me­gi­ne, gal­la, pag­ta we beý­le­ki oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Türk­men hal­ky su­wa te­bi­ga­tyň be­ren ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak peş­ge­şi we dur­mu­şy jan­lan­dyr­ýan ke­ra­mat­ly baý­lyk hök­mün­de ga­ra­ýar. Ýur­du­myz­da hal­ky­my­zy aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça Baş mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bu ugur­da ne­ti­je­li iş­le­riň ýo­la go­ýul­ma­gy­ny şert­len­dir­di. Paý­tag­ty­myz­da, Ahal, Ma­ry, Le­bap, Da­şo­guz we­la­ýat­la­ryn­da, Bal­kan­da, “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da su­wy aras­sa­la­ýan des­ga­la­ryň gu­rul­ma­gy hal­ky­my­zyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ber­käp, zäh­me­te ukyp­ly­ly­gy­nyň art­ma­gyn­da uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Şol bir­wag­tyň özün­de bu ha­ýyr­ly iş­ler se­ýil bag­la­ry, ge­ze­lenç meý­dan­ça­la­ry­ny, “ýa­şyl zo­lak­la­ry” dam­ja­la­ýyn usul­da su­war­mak­da hem iň­ňän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Ha­wa, Ara­ly ha­las et­mek iş­le­ri­niň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň işi deň­ziň ýa­ka­syn­da­ky eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­nyň za­ýa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ga, Mer­ke­zi Azi­ýa­da bio­lo­gi­k köp­dür­lü­li­gi sak­la­ma­ga we daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga hem-de te­bi­gy se­riş­de­le­ri dur­nuk­ly ulan­ma­ga, se­bi­tiň halk­la­ry­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­me­gi­ne ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bu iş­ler şu ýylyň 23-nji aw­gust­ynda paý­tag­ty­my­zyň “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­sy­nyň mas­la­hat­lar za­lyn­da ýur­du­my­zyň AHEHG baş­lyk­lyk et­me­gi­niň mak­sat­na­ma­sy­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga ba­gyş­la­nan Dün­ýä bi­ler­men­le­ri­niň Aş­ga­bat du­şu­şy­gy­nyň “te­ge­lek sto­luň” ba­şyn­da­ky mej­li­sin­de hem öz be­ýa­ny­ny tap­dy. On­da Türk­me­nis­ta­nyň ýa­kyn üç ýyl­da AHEHG baş­lyk­lyk et­me­gi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny hö­dür­le­mek, Aral se­bi­ti­niň me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge BMG-niň dü­züm­le­ri­ni, beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­ny, bank­la­ry we he­ma­ýat­kär­le­ri çek­mek ýa­ly me­se­le­ler goz­gal­dy hem-de bu ugur­lar­da anyk tek­lip­ler öňe sü­rül­di.
Eko­lo­gi­ýa, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, suw se­riş­de­le­ri­niň çeş­me­le­ri­ni di­kelt­mek, ola­ry re­je­li we tyg­şyt­ly sarp et­mek – umu­ma­dam­zat äh­li­niň mö­hüm me­se­le­si bo­lup dur­ýar. Bu ugur­da Türk­me­nis­ta­nyň ýo­la goý­ýan iş­le­ri dün­ýä ýü­zün­de gyz­gyn gol­da­wa eýe bol­ýar.

We­pa BER­DI­ÝEW,
Türk­men döw­let ma­li­ýe
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.