Mol­do­wa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Igor Do­don ýurt­da kons­ti­tu­si­on öz­ge­riş­li­giň ge­çi­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny we ony taý­ýar­la­mak üçin ýö­ri­te to­pa­ryň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Igor Do­don şeý­le to­pa­ryň dö­re­dil­ýän­di­gi ba­ra­da de­giş­li ka­ra­ra gol çe­ken­den soň­ra şeý­le diý­di:
– Soň­ky ýyl­lar­da kons­ti­tu­si­on hu­kuk­lar ba­bat­da ýur­du­myz­da kä­bir me­se­le­le­riň ýü­ze çy­kan­dy­gy­ny na­za­ra alyp, bu ugur­da öz­ge­riş­lik ge­çi­ril­me­gi­ni ze­rur ha­sap­la­ýa­ryn.
Pre­zi­den­tiň pi­ki­ri­çe, bu bir­nä­çe ugur­lar bo­ýun­ça esa­sy ka­nu­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek üçin ädi­len il­kin­ji ädim­dir. Şeý­le hem, Kons­ti­tu­si­ýa bo­ýun­ça ka­zy­ýe­ti­niň öň­ki baş­ly­gy Dmit­riý Pul­be­re­niň bu to­pa­ra ýol­baş­çy­lyk et­jek­di­gi mä­lim edil­di. Umu­man aý­da­nyň­da, to­pa­ryň ag­za­la­ry­nyň sa­na­wyn­da 21 adam, şol san­da Kons­ti­tu­si­ýa bo­ýun­ça ka­zy­ýe­ti­niň öň­ki iki we­ki­li bar.
Igor Do­do­nyň şu ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­da ge­çi­ril­jek Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na gat­naş­jak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Bu Mol­do­wa­nyň 1996-njy ýyl­dan bä­ri ge­çi­ren ikin­ji Prezident saý­la­wla­ry­dyr. Ýurt­da Pre­zi­dent ab­sol­ýut köp­lük­den yba­rat iki tap­gyr­ly ul­ga­ma la­ýyk­lyk­da saý­lan­ýar. Eger-de da­laş­gär­le­riň hiç bi­ri­si bi­rin­ji tap­gyr­da ses­le­riň 50%-den gow­ra­gy­ny al­ma­sa, ikin­ji­si ge­çi­ri­ler. Mun­dan öň, Igor Do­don ýurt­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän saý­law­la­ra gat­na­şyp gat­naş­ma­jak­dy­gy­ ba­ra­da bel­li bir ka­ra­ry­nyň ýok­du­gy­ny aý­dyp­dy. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, Mol­do­wa Res­pub­li­ka­sy­nyň So­sia­list­ler par­ti­ýa­sy öz da­laş­gä­ri­ni gol­da­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Şu ýy­lyň 11-nji ma­ýyn­da Igor Do­don 1-nji no­ýabr­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry­ny ge­çir­me­gi tek­lip et­di. Soň Mol­do­wa­nyň Mej­li­si şol gü­ni Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň se­ne­si hök­mün­de tas­syk­la­dy. Ýurt­da öň­ki Pre­zi­dent saý­law­la­ry 2016-njy ýy­lyň 13-nji no­ýab­ryn­da ge­çi­ri­lip­di. Igor Do­don şol ýy­lyň 23-nji de­kab­ryn­da döw­let baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne gi­ri­şip­di.