Doňdurmanyň ilkibaşda nirede peýda bolandygy barada dürli maglumatlar bar. Käbir çeşmelerde 2200 ýyl mundan ozal Hytaýda tüwi goşulan süýdi gar bilen sowatmak arkaly tagam taýýarlanandygy bellenilýär. Aziýa ýurtlaryna syýahat eden wenesiýaly söwdagär hem-de jahankeşde Marko Polo tarapyndan Italiýa getirilendigi aýdylýar. Soňra bolsa, Fransiýa we beýleki ýurtlara ýaýrapdyr.
Häzirkilere meňzeş doňdurmalar bolsa XVII asyrda peýda bolup başlaýar. Bu usulda gaýmak bilen bala şokolad ýa-da ülje goşulyp taýýarlanypdyr. Onuň sowuk bolmagy üçin gar ýa-da buz goşupdyrlar. Şol ýyllar doňdurma taýýarlanýan bedre görnüşli guty ýasalypdyr. Onuň içine gerekli zatlar goşulyp, mazaly garylypdyr.
Häzirki wagtda süýt, şeker, bal, mürepbe, miwe, ýumurtga we dürli ir-iýmişler goşulyp taýýarlanýan doňdurmany taýýarlamakda italýanlar has meşhurdyr. Şeýle hem Ýaponiýa, Finlýandiýa, Gresiýa, Täze Zelandiýa, Awstraliýa, Germaniýa we Türkiýe ýaly ýurtlara mahsus bolan doňdurma görnüşleri bar.
Yssy howada iýilmegi halanýan hem bolsa, doňdurma sarp etmekde has sowuk ýurtlar öňdeligi eýeleýär. Jan başyna doňdurma sarp etmekde Şwesiýa, Finlýandiýa, Norwegiýa, Daniýa öňdeligi eýeleýär. Tehnologiýanyň ösmegi netijesinde bolsa, doňdurma taýýarlamagyň has döwrebap usullary işlenip düzüldi. Häzirki wagtda ýörite kärhanalarda taýýarlanýan doňdurmalar söwda nokatlarynda sowadyjylarda satylýan bolsa, kiçeňräk doňdurma enjamlary arkaly taýýarlanan badyna müşderilere ýetirilýän doňdurmalar hem meşhurdyr.