Ýitip ýok bolup barýan görnüşlere girizildi

97

Deňiz pişikleriniň üç görnüşi ýitip ýok bolup barýan görnüşleriň Gyzyl sanawyna girizildi. Olaryň ýaşaýşyna howp abanýandygy habar berilýär. Munuň sebäbi howanyň global derejede üýtgemegi hem-de deňiz buzluklarynyň eremegi diýlip, Tebigaty goramagyň bütindünýä bileleşiginiň (IUCN) beýanatynda bellenilýär. Sanawda Arktikada ýaşaýan düwlenleriň alty görnüşi bar.