2020-nji ýylyň ikinji çärýeginde Hytaýda planşet bazary has netijeliligi bilen tapawutlandy. Hasabat döwründe 6 milliondan gowrak planşet satyldy. Bu görkeziji 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, 17 göterim köpdür. Soňky döwürde adamlaryň köp wagtyny öýlerinde geçirýändigi üçin «iPad» kysymly planşetlere bolan isleg barha artdy. «iPad»-yň özi hem güýmenje we internet habarlaryny okamak üçin örän ajaýyp enjam bolup durýar.
Bu ýagdaý ABŞ-nyň dünýä belli «Apple» kompaniýasyny Hytaýda birinji orna çykardy. Ikinji orunda bolsa Hytaýyň öz kompaniýasy «Huawei» barýar. Mundan başga-da, «iPad» satuwlarynyň köpüsi elýeterli modellerdir. Soňky maglumatlara görä, «Apple» şol bir dizaýnda, ýöne täzelenen enjamlar bilen «iPad»-yň täze görnüşini hödürlär. Şeýle hem bu korporasiýa islegiň ýokarlanmagyna täsir etjek ykjam «iPad mini»-niň düýbünden täze görnüşini hem öndürip biler.
Şeýlelikde, «Apple» kompaniýasy ikinji çärýekde 2,76 million sany «iPad» satdy. Bu görkeziji kompaniýanyň 2019-njy ýylyň degişli döwründäki görkezijisinden 18,7 göterim köpdür. Ikinji orundaky «Huawei» kompaniýasynyň 2,45 million «iPad» planşeti satyldy.