Jaý gurluşygynda giňden peýdalanylýan gyzyl kerpiçler geljekde «akyllylygy» bilen tapawutlanar. Alymlar «akylly kerpiçleriň» elektrik energiýasyny «batareýa ýaly» saklamak üçin ulanylyp bilinjekdigini we geljekde iň gowy görülýän gurluşyk önümçiligine öwrülip biljekdigini öňe sürýärler. Waşington uniwersitetiniň alymlary adaty gyzyl kerpiçleri energiýa saklaýjy enjamlara öwürmegiň usulyny işläp düzdüler.
Häzirki wagtda gyzyl kerpiç dünýäde iň arzan we iň köp ýaýran gurluşyk önümçiliginden biri bolup, müňlerçe ýyl bäri ulanylýar. Bilermenler kerpiçlere geçiriji polimer örtük goşmak bilen, olary elektrik energiýasyny saklamaga ukyply etmek üçin tagalla edýärler. Alymlar geljekde şeýle kerpiçler bilen öýdäki çyralara we beýleki enjamlara zerur bolan elektrik energiýasyny üpjün etmegiň üstünde işleýärler.
Täze tehnologiýany döreden alymlar binanyň diwaryndaky 50 kerpiç bilen elektrik togy öçen halatynda 5 sagat çyralara we beýleki enjamlara elektrik bermegiň mümkindigini belleýärler.