Lukmanlar süýt önümi bolan doragy gündelik iýmit sanawyna goşmagyň peýdaly taraplary barada maglumat berdiler. Bu önümiň hasabyna bedeniň işleýiş ulgamy köp sanly görkezijiler babatda gowy häsiýetlere eýe bolar.
– Bu önümiň 100-200 gramy saglyga täsir edýän köp sanly oňaýsyzlyklardan dynmaga kömek eder – diýip, lukmanlar belläp geçýär. Doragy gündelik sarp etmegiň bedene ýetirýän oňyn täsirleri barada şeýle netijä geldiler.
Gemoglobini ýokarlandyrýar: ganazlygyň öňüni almak üçin dorag iýmeli: onuň düzümindäki demir (100 gram üçin 0,4 milligram) gemoglobini ýokarlandyrmaga kömek eder.
Bagryň ýagdaýyny gowulandyrýar: doragyň düzümindäki aminokislotaly miteonin ýagyň alyş-çalşyna oňyn täsir edýär, bu bagra oňyn täsir edip, semizliginiň öňüni alýar.
Doklugy kadalaşdyrýar: dorag beloklara baýdyr. Bu bolsa adamyň uzak wagtlap dok galmagyna mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, artykmaç iýmitlenmekden goraýar, hatda horlanmaga hem kömek edýär.
Myşsalary güýçlendirýär: doragyň düzümindäki beloklar adam bedeninde çalt siňýär. Ol hem myşsalaryň ýagdaýyny kadalaşdyryp, olary güýçlendirýär.
Şeýle hem dorag dişleriň, saçlaryň, dyrnaklaryň ýagdaýyny gowulaşdyrýar. Mundan başga-da bu önüm nerw dartgynlygy gowşadyp, sussupeslikden halas bolmaga kömek edýär.