Türkiýäniň çäginde öndüriljek ilkinji ýerli elektrik hereketlendiriji bilen işleýän «Togg» kysymly ulagyň köpçülikleýin önümçiligine taýýarlyk görülýär. Germaniýa onuň ilkinji eksport bazary bolar. Geljekde rus alyjylarynyň hem bu ulaga isleg bildirmegine garaşylýar.
Metbugat gulluklarynyň habar bermegine görä, 2022-nji ýylda Türkiýäniň awtoulag öndürijileri «Togg» brendli ulagyny satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Türkiýäniň bu ulagy öndürýän kompaniýasy eksport ugruna hem uly üns bermegi meýilleşdirýär. Onuň ulaglarynyň ilkinji eksport bazarynyň Germaniýa, soňlugy bilen Italiýa we Fransiýa bolmagyna garaşylýar. Bu ulagyň önümçilik taslamasy ýurduň Senagat ministrligi hem-de birnäçe kompaniýalar konsorsiumy tarapyndan goldaw aldy. Orta möhletde 5 sany elektrik ulagy hödürlemegi wada berýän kompaniýa eýýäm 2,6 milliard ýewro maýa goýdy.
Bu ulag bir gezeklik zarýady bilen 500 kilometr ýol geçer. Ilkinji elektrik ulagyny ýygnamak işleri Stambul şäheriniň golaýynda açylan kärhanada amala aşyrylar.