Häzirki wagtda dünýä belli awtoulag kompaniýalarynyň kaşaň awtoulaglaryna isleg yzygiderli artýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl köp sanly kompaniýalar, hususan-da awtoulaglary öndürýän kompaniýalar üçin hem aňsat bolmady. Köp sanly kompaniýa ýitgi çekdi. Ýöne 2020-nji ýylyň birinji ýarymyna görä, Ýewropanyň öňdebaryjy 3 awtoulag kompaniýasy oňat netijeler gazandy. Olaryň biri Fransiýanyň PSA topary bolup, olaryň amal girdejisi 517 million ýewro deňdir. Özboluşly hem-de kaşaň sport ulaglary bilen tanalýan Italiýanyň «Ferrari» kompaniýasy hem oňat netijeler gazanyp, amal girdejisi 243 million ýewro barabar boldy. Oňat girdeji gazanan kompaniýalaryň hataryna «Porsche» brendi hem goşuldy. Ol Germaniýanyň «Volkswagen» toparynyň düzümine girýär. Onuň amal girdejisi 1,23 milliard ýewro deň bolup, «Porsche» taryhda ilkinji gezek Ýewropanyň awtoulag pudagynda girdeji gazanmakda öňdebaryjy boldy. Bilermenler bu brendiň müşderileriniň gitdigiçe köpelýändigini bellediler.