Tebigatymyzyň dürli görnüşli ösümlikleri bolup, ol ösümlikleriň bahar paslynyň soňky aýlarynda gurap başlamagy bilen tebigatda ýangyn döremek howpy ýüze çykýar. Ajaýyp gözel tebigatymyzda, tokaý seýilgäh zolaklarynda, daglyklardyr düzlüklerde, öri-sähra meýdanlarda, adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmekleri örän zerur meseleleriň biridir.
Paýtagtymyzda we onuň daş-töwereginde, şäherlerdir etraplarda ekilen agaç nahallary bu günki gün boý alyp, uly daragtlara öwrüldi. Tebigatymyzyň bu ajaýyp gözelligini ýangyn howpundan gorap saklamak her birimiz üçin mukaddes borçdur. Şonuň üçin hem, tokaý seýilgäh zolaklarynda ekilen arça agaçlaryň aralyklary guran dürli haşal otlardan wagtynda arassalanyp, sürüm işleri geçirilmelidir. Her bir bölünip berlen çäkler ilkinji ýangyn söndüriji serişdeler bilen üpjün edilmelidir. Ot ýakmazlyk baradaky suratly ýatlamalar görnükli edilip goýulmalydyr. Bölünen çäklerde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine ýörite jogapkär adamlar bellenmelidir.
Tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny ýangyn howpundan gorap saklamak üçin, «Ýangynlaryň öňüni almak we dörän ýangynlary guramaçylykly söndürmek baradaky» ynsanperwer kararlar kabul edilýär. Şol kararlarda, tomus paslynyň ýangyn howply möwsüminde gözel tebigatda adamlaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde raýatlara otdan peýdalanmak doly gadagan edilýär we otdan peýdalanýan raýatlara garşy Türkmenistanyň Kanunçylygyna laýyklykda çäre görmeklik degişli gözegçilik işlerini geçirýän gulluklara tabşyrylandyr.
Dynç alyş ýa-da zähmet rugsady wagtynda howanyň yssy günleri ildeşlerimiz maşgalalary bilen tämiz howaly, akar suwly tokaý seýilgäh zolaklarynda dynç alşy gurnaýarlar we maşgalalary bilen nahar bişirmek üçin ot ýakýarlar. Ot ýakmagyň özboluşly düzgünlerini berjaý etmezden, ýangynyň ýüze çykmak howpuny döredýärler. Ýokarda bellenişi ýaly, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde ot ýakmak doly gadagan edilendir. Eger-de zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda hem çägeli ýa-da akar suwuň golaýynda, daşly ýerde ot ýakylmalydyr. Ot ýakylmazdan öň, ot ýakyljak ýeriň 15 metr daş-töweregi guran ot-çöplerden topraga çenli arassalanmalydyr. Ýarym metr çuňlukda oý ýerde ýa-da ot ýakyljak ýer daşly bolanda, töweregine daşlary örmelidir. Otdan peýdalanyp bolandan soň, suw sepilip ýa-da gum, çäge sürlüp doly söndürilmelidir.
Köpçülikleýin dynç alyş ýerlerinde söndürilmedik otluçöp galyndysyny taşlamak howpludyr. Şeýle-de, dynç alyş ýerlerinde çüýşe gaplaryny we aýna döwüklerini galdyrmaly däldir, sebäbi şol aýna gaplardan Günüň şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi bilen ýangynyň döremegi mümkindir.
Dynç alyşa köp adamlar özleriniň şahsy awtoulaglary bilen barýarlar, kähalatlarda bolsa awtoulaglaryny guran ot-çöpleriň üsti bilen sürýärler. Bu bolsa iň bir howply ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna getirýär. Sebäbi awtoulagyň tüsseçykaryndan uçgunlaryň çykmagy we guran ot-çöplere uçgunyň düşmegi ýangynyň döremegine getirip bilýär. Kähalatlarda bolsa dynç alyş ýerlerinde şahsy awtoulaglarda bejeriş-abatlama işleri geçirilip, awtoulagyň şaýlary esgiler bilen süpürilip, şol ýag-ýangyç siňen esgiler guran ot-çöpleriň üstlerine taşlanyp gidilýär. Bu hem howply ýagdaýlara getirip bilýär. Sebäbi ýag-ýangyç siňen esgileriň yssy howa şertlerinde öz-özünden ýanmagy hem-de tebigatymyzyň gaýtalanmajak gözelligine uly zeper ýetirmegi mümkindir.
Gözel tebigatymyzyň öri meýdanlarynda yssy howada ýangyn döremek howpy emele gelýär. Şol sebäpden mallary suwa ýakylýan guýularyň 500 metr daş-töwereginde ini 3,5 metrden az bolmadyk iki sany araçäklerde hem-de öri meýdanlaryň we demir ýollarynyň ýakalarynda ekin meýdanlary ýa-da üzüm agaçlary bar bolan ýerlerde ini 10 metrden az bolmadyk araçäklerde sürüm işleri geçirilmelidir.
Öri meýdanlarynda dürli işleri amala aşyrýan geologiýa-gözleg ekspedisiýalarynyň wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň 30 metr daş-töweregi guran otlardan arassalanmalydyr. Türkmenistanyň çägindäki eýeçiliginiň görnüşine garamazdan edara-kärhanalaryň, guramalaryň ählisi öri meýdanlarda, sähralarda, daglarda we tokaýlarda gözel tebigatymyzda islendik işleri geçirilende ýangyn howpsuzlyk düzgünleri doly berjaý etmeklige borçludyrlar.
Biz hem öňümizde goýlan wezipelerden ugur alyp, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmakda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini ýokarlandyryp, hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde ýurdumyzda hukuk tertibini we kanunçylygy pugtalandyrmak, raýatlaryň kanuny hukuklaryny, bähbitlerini we döwletimizdäki eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, olara berkidilen tokaý seýilgäh zolaklarynyň ýangyn howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmek boýunça ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryny berjaý etmek üçin, olaryň her bir işgäriniň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bilmegine, şeýle-de şol düzgünleriň doly, dogry ýerine ýetirilmegi, raýatlaryň janyna we saglygyna, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz oduň döremeginiň öňüni alyş işlerini geçirmek üçin janymyzy aýaman, halal zähmet çekjekdigimize, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly gulluk etjekdigimize ynandyrýarys. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň dik, halkymyzyň eşretli durmuşy üçin alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Yhlas Miriýew,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn
howpsuzlygy bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan
ýangyn howpsuzlyk bölüminiň döwlet ýangyn
gözegçilik bölümçesiniň müdiri-uly gözegçisi,
içerki gullugyň kapitany.