Saz, pikirleniş usullaryny ösdürýän iň oňat mugallymdyr, aýdym-saz bilen terbiýelenen beýni, özüne zerur zatlaryň hemmesinden geregini alyp bilýär. Eger-de siz çagaňyzy aýdym-saz mekdebine bermek barada pikir edýän bolsaňyz, aýdym-sazyň çagaňyzyň durmuşyna peýdasy barada bilmelisiňiz. Siziň çagaňyz matematika sapagyna has oňat ýetişer, tutanýerlilik bilen birlikde köp peýdaly endiklere eýe bolup, dünýä has inçe nazar aýlamagy başarar.
Ukyplaryňy ösdürýär
Saz çalmak – matematika bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Bellikleriň ritmine, taktikasyna, notalaryň dowamlylygyna düşünip, çagalar bölmegi, droblary düzmegi we dürli elementleri tanamagy başarýarlar. Şonuň üçin aýdym-saz çagaňyzyň matematikanyň has inçe syrlaryndan baş alyp çykmagyna ýardam berer. Saz gurallaryny çalmak tebigatyň kanunlary baradaky ylym bolan fizikany hem öwredýär. Mysal üçin, çaga gitaranyň kirişlerini yzly-yzyna kakyp, seslendirende, garmoniki yrgyldy baradaky düşünjä akyl ýetirýär. Hat-da kirişsiz ýagny, kakylyp çalynýan saz gurallary hem yrgylda esaslanýar. Çaga saz gurallaryny çalyp, fizikanyň esasy kanunlaryna göz ýetirýär.
Fiziki endikleri ösdürýär
Käbir saz gurallaryny çalmak (mysal üçin kakylyp çalynýan saz gurallary) çaganyň hereketiniň sazlaşygyny ösdürmäge kömek edýär, sebäbi şeýle gurallar elleriň, gollaryň we aýaklaryň sazlaşykly hereketini talap edýär. Bu bolsa, has çalasyn çagalar üçin oňaýlydyr. Kirişli we klawişli gurallary çalmak (skripka, fortepýano we ş.m.) şol bir wagtyň özünde elleriň dürli hereketlerini talap edýär. Saz gurallaryny çalmak diňe iki eliň ussatlygyny deň ösdürmän, eýsem, çaganyň özüni rahat duýmagyna hem ýardam berýär. Çaganyň hereketiniň sazlaşygynyň ösmegi, tans ýa-da sport ýaly ugurlar üçin ýol açýar.
Jemgyýetçilik endiklerini ösdürýär
Synpda toparlaýyn aýdym-saz bilen meşgullanmak, deň-duşlaryň arasyndaky özara gatnaşygy ösdürýär. Diňe biri-biri bilen hyzmatdaşlykda çagalar saz eserleriniň äheňini ösdürip bilerler. Eger-de bir çaga orkestrdäki beýleki çagalardan has güýçli ýa-da has tiz çalsa, beýlekilerem oňa eýermeli bolýar. Çaganyň uly topardaky öz ähmiýetine düşünmegi möhümdir. Bu tejribe köp babatda adamyň durmuşda duş gelýän sosial gatnaşyklarynyň ýagdaýyna hem çalym edýär.
Tertip-düzgüni we
sabyrlylygy öwredýär
Saz guralyny çalmagy öwrenmek, eden tagallalaryň üçin üstünligiň derrew gelmeýändigini öwredýär. Mysal üçin, skripka çalmagy öwrenmek gaty çylşyrymly iş. Çaga ilkinji sazy çalmazdan ozal, skripkany we kemençäni nädip dogry tutmalydygyny, çalýan wagty aýaklaryny nädip goýmalydygyny we beýleki ýagdaýlary uzak wagtlap öwrenmeli bolýar. Saz guralyny çalmagy öwrenmek üçin uzak wagtlap tutanýerli zähmet çekmeli bolýar. Käwagt çylşyrymly maksada ýetmek üçin aýlar, hatda ýyllar gerek bolýar. Aýdym-saz mekdebindäki sapaklar hem sabyrlylygy talap edýär, sebäbi mugallymyň saz eserini gaýtalamak üçin hem nobatyňa garaşmaly. Mundan başga-da, aýdym-saz mekdebinde çaga deň-duşlarynyň üstünligine hormat goýmagy we ünsli bolmagy öwrenýär.
Saz gurallaryny çalmagy öwrenen çaga dürli medeniýetlerde aýdym-sazyň nähili ornunyň bardygy bilen tanyşýar. Mysal üçin, bongo saz guraly Afrika halk aýdym-sazlary we Kuba aýdym-sazlary bilen tanyşdyrýar. Skripka saz guraly Italiýada oýlanyp tapylan hem bolsa, köplenç germaniýaly we awstriýaly kompozitorlar tarapyndan nusgawy sazlarda ulanylýar. Şonuň ýaly hem skripka we fortepýano ýaly saz gurallary ABŞ-nyň günortasynda dörän nusgawy sazlara sazandarlyk etmek üçin ulanylýar. Çaganyň gözýetiminiň giňligini kemala getirmek üçin ony ýaşlykdan dürli ýurtlaryň medeniýetleri bilen tanyşdyrmak möhümdir.
Allamyrat Durdygylyjow,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk
mekdep-internatynyň direktorynyň saz bölümi
boýunça orunbasary.