Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de giň­den ýaý­baň­lan­dy­ry­lan san­ly­laş­dyr­mak ul­ga­my­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan bu Ka­nu­nyň äh­mi­ýet­li­di­gi­ni äş­gär ed­ýär. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar, elekt­ron hyz­mat­lar jem­gy­ýe­tiň gün­de­lik dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Tä­ze­çil usul­lar döw­let eda­ra­la­ry­nyň we äh­li pu­dak­la­ryň işi­ne or­naş­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi önüm­çi­li­giň gu­ra­ma­çy­ly­gy­ny we do­lan­dy­ry­ly­şy­ny düýp­li öz­gerd­ýär. Ýur­du­myz­da 2018-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ka­bul edi­len «Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» hut şu we­zi­pe­ler­den ugur al­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da mag­lu­mat­lar ul­ga­my adam dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da ýü­ze çyk­ýar. Dün­ýä to­ru­n­da her gün mil­li­on­lar­ça gi­ga­baýt mag­lu­ma­tyň he­re­ket ed­ýän hä­zir­ki şert­le­rin­de mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ula­nyp, hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ze­rur­ly­gy art­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň bi­lim­dä­ki or­ny ep-es­li ýo­kar­lan­ýar. Şeý­le­lik bi­len, hä­zir­ki za­man mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry okat­mak we okat­ma­gyň usul­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek üçin has tä­sir­li çe­me­leş­me­le­ri ke­ma­la ge­tir­ýär. Bu ugur­da mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Se­bä­bi mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny ulan­mak ta­lyp­la­ryň oka­mak hö­we­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, okuw wag­ty­ny tyg­şyt­la­ma­ga kö­mek ed­ýär.

Alym­lar we bilermenler mag­lu­mat
so­wat­ly­ly­gy­na go­şant goş­ýan esa­sy
mag­lu­mat en­dik­le­ri­ni öňe sürýärler:
1. Mag­lu­ma­tyň ze­rur­ly­gy­ny bil­mek uky­by.
2. Mag­lu­mat­da­ky «boş­lu­gy» nä­dip dol­du­ryp bol­jak­dy­gy­ny gör­kez­mek uky­by.
3. Mag­lu­mat­la­ry kes­git­le­mek üçin stra­te­gi­ýa­la­ry düz­mek uky­by.
4. Mag­lu­mat tap­mak we oňa gir­mek uky­by.
5. Dür­li çeş­me­ler­den al­nan mag­lu­mat­la­ry de­ňeş­dir­mek we ba­ha ber­mek uky­by.
6. Mag­lu­mat­la­ry hä­zir­ki ýag­da­ýa la­ýyk baş­ga usul­lar bi­len gu­ra­mak, ulan­mak we ber­mek ukyby.
7. Bar bo­lan mag­lu­mat­la­ry sin­tez­le­mek, ýyg­na­mak we onuň esa­syn­da tä­ze bi­lim­le­ri dö­ret­mek ukyby.
Mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy «In­for­ma­ti­ka» yl­my ug­ru­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir we onuň ga­za­nan­la­ry­na esas­lan­ýar. Em­ma hä­zir­ki wagt­da mag­lu­mat­la­ra eýe bol­mak ýe­ter­lik däl, ony ulan­ma­ly we dur­mu­şa ge­çir­me­li. Bu me­se­le mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len çö­zül­ýär. Mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň esa­syn­da mag­lu­mat amal­la­ry­ny aw­to­mat­laş­dyr­mak me­se­le­si çö­zül­ýär. Mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak tej­ri­be­si köp ula­ny­lyş mak­sat­la­ry üçin ýo­ka­ry yk­dy­sa­dy ne­ti­je­li­li­gi­ tas­syk­la­ýar. Elekt­ron res­mi­na­ma­la­ry do­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry we hä­zir­ki za­man te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na esas­lan­ýan uzak ara­lyk­dan oku­wla­ry gu­ra­mak mu­nuň aý­dyň my­sal­lar­dyr. Bu iş mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ar­ka­ly ylym­da we bi­lim­de hä­zir­ki za­man mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny or­naş­dyr­mak, ös­dür­mek we ulan­mak me­se­le­le­ri­ni öw­ren­mä­ge gö­nük­di­ril­ýär.
Mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy adam­zat iş­jeň­li­gi­niň äh­li ugur­la­ry­na tä­sir ed­ýär. Yl­my we teh­no­lo­gi­k ösü­şiň tiz­li­gi­ni çalt­laş­dyr­mak üçin ze­rur şert bo­lan äh­li mag­lu­mat pro­ses­le­ri­niň aw­to­mat­laş­dy­ryş de­re­je­si­ni ep-es­li ýo­kar­lan­dyr­ýar. Hä­zir­ki za­man mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na bi­lim ul­ga­myn­da hem, yl­my göz­leg­ler­de hem tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri we gel­je­gi aç­ýan iş­jeň gu­ral hök­mün­de ba­ha be­ril­ýär.
Bi­lim ul­ga­my jem­gy­ýe­tiň me­de­ni, aň-bi­lim ýö­rel­ge­le­ri­ni şöh­le­len­dir­ýän, şeý­le-de te­bi­gy däp-des­sur­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly iň ga­dy­my jem­gy­ýet­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bir ta­rap­dan bu hä­si­ýet­ler ul­ga­myň içer­ki bi­te­wi­li­gi­ni sak­la­ma­ga, ozal­dan gel­ýän gym­mat­lyk­la­ryň yg­ty­bar­ly go­ra­lyp, ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Beý­le­ki ta­rap­dan, bi­lim ul­ga­my ozal­dan gel­ýän ýö­rel­ge­le­re esas­la­nyp, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ta­lap­la­ry­ny in­no­wa­si­ýa, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ar­ka­ly çe­ýe ber­jaý et­mä­ge ukyp­ly­dyr.
Bi­li­mi san­ly­laş­dyr­ma­gyň ýe­ne bir mö­hüm ug­ry bol­sa, mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň we ta­lyp­la­ry­nyň öz-öz­le­ri­ni ös­dür­mek is­le­gle­ri­ni güýç­len­dir­me­gi­dir. Şeý­le ba­şar­nyk­la­ry ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len tä­ze çe­me­leş­me­le­riň bi­lim ul­ga­my­nda dö­rän­di­gi, soň­ra bol­sa döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­an­dy­gy we ös­dü­ri­len­di­gi aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Ta­lyp­la­ryň mag­lu­mat so­wat­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak mag­lu­mat göz­le­mek we ýyg­na­mak işi­ni ýö­ne­keý­leş­di­rer, iň ta­kyk we el­ýe­ter­li mag­lu­mat ber­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer, bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dy­rar. Şeý­le­lik bi­len, hä­zir­ki za­man mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly okat­mak we okat­ma­gyň usul­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek has tä­sir­li çe­me­leş­me­le­ri ös­dür­mek üçin ze­rur şert­dir.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­tyn­da hem gel­je­giň in­že­ner­le­ri­ni hä­zir­ki teh­no­lo­gi­ýa­la­ra, mil­li we dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki iň mö­hüm yl­my we teh­no­lo­gi­ki me­se­le­le­re çuň­ňur dü­şün­ýän hü­när­men­le­r taý­ýar­la­nýar. Bar­lag­ha­na­myz­da we Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri yl­my–önüm­çi­lik mer­ke­zi­miz­de ama­la aşy­ryl­ýan ösüş­ler aka­de­mi­ki we işe­wür to­par­la­ry­nyň ýüz­be-ýüz bol­ýan iň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Nur­mu­ham­met Al­la­na­za­row,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň
Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri
yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi­niň in­že­ne­ri.