Bilermenler Ýer togalagynyň barha maýlaýandygyny belleýärler. Bu ýagdaýyň bolsa, Ýeriň ilatynyň köp bölegini, esasan hem, dünýädäki şäherleriň ilatyny oňaýsyz ýagdaýda goýýandygy bellenilýär. Häzirki wagtda howanyň ortaça ýylylygynyň 25 derejeden ýokary bolan sebitlerinde ýaşaýan 2,8 milliard adamyň diňe 8%-inde serginlediji bardygy tassyklanýar. Emma serginledijileriň sanynyň köpelmegi meseläni has-da kynlaşdyrar. Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasy (ÝUNEP) şäherleriň gyzgynlyk derejesiniň tebigatyň özi bilen, ýagny jaýlaryň töweregini ösümlikler bilen örtmek, ak üçekler oturtmak we baglar bilen gurşamak arkaly peseltmegi teklip edýär. Serginlediji, esasan hem, betonyň we asfaltyň Gün energiýasyny özüne siňdirýän, Gün ýaşandan soň hem ýylylyk bölüp çykarýan ýerlerinde has-da zerurdyr. Mundan başga-da, awtoulag hereketlendirijilerinden we senagatdan bölünip çykýan ýylylyk sebäpli şäherlerde gyzgynlyk derejesi ýokarlanýar.
Şäherleri sowatmak üçin adaty çözgüt bolan serginledijiler ulanylsa-da, munuň ýaramaz netijelere getirjekdigi öňe sürülýär. Çünki energiýany köp talap edýän şeýle sowadyş usuly, global maýlama sebäp bolýar. Häzirki ulanylýan serginlediji enjamlaryň sanynyň 3,6 milliarddan 2050-nji ýyla çenli 9,5 milliarda çenli artmagyna garaşylýar. Eger-de serginlediji hemmelere elýeterli bolsa, 2050-nji ýyla çenli 14 milliarda barabar bolar. Bu ýagdaýyň bolsa, ýyladyşhana gazlarynyň atmosfera zyňylmagyna getirjekdigi öňe sürülýär.
ÝUNEP-iň hünärmenleri häzirki wagtda taslamasy oňat düzülen şäherleriň ýyladyş we sowadyş üçin sarp edýän energiýasynyň 25%-ini tygşytlap biljekdiklerine ynanýarlar. Köp şäher häkimleri bu çemeleşmäni eýýäm işjeň durmuşa geçirýär. Mysal üçin, Hindistanyň Ahmedabad şäherinde ilaty suw bilen üpjün etmek, ösümliklerdir agaçlary suwarmak üçin ýörite ulgam döredildi. Şäher «Salkyn üçek» taslamasyny durmuşa geçirdi, bu taslama arkaly 7 müň töweregi pes girdejili maşgala üçeklerini ak reňke boýady. Şeýle üçekler Gün şöhlelerini yzyna gaýtarmak bilen birlikde, onuň içindäki ýylylyk derejesini düýpgöter pese düşürýär. Adaty güneşli tomus günlerinde, Gün şöhlesiniň 80%-ini yzyna gaýtarýan arassa ak üçek, Gün şöhlesiniň diňe 20%-ini gaýtarýan çal üçekden 30 gradus salkyn saklaýar. ÝUNEP-iň hünärmenleri şäherlerdäki ýylylygy azaltmagyň başga-da köp usulynyň bardygyny belleýärler. Mysal üçin, Awstraliýanyň Melburn şäheriniň daş-töweregindäki tokaýlary köpeltmek meýilleşdirilýär, bu bolsa howanyň has arassa we salkyn bolmagyna sebäp bolar. Şeýle hem Milan 2030-njy ýyla çenli şäherdäki gyzgynlyk derejesini peseltmek maksady bilen 3 million nahal oturtmagy meýilleşdirýär. Frankfurtda şäheriň töwereginde tebigy sowadyş üçin agaç nahallary oturdyldy. Tebigatyň ýardamy bilen howany sowatmak Stokgolmda we Tokioda ýola goýlan. BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy (ÝUNEP) häzirki wagtda dünýäniň iň gowy başlangyçlaryny öz içine alýan durnukly sowadyş üçin birnäçe teklipleriň üstünde işleýär.
– Ýaşyl agaçlar, ýaşyl fasadlar, üçekler we dogry gurluşyk taslamalary arkaly şäherlerde gyzgynlyk derejesiniň ep-esli peselmegini gazanyp bolar – diýip, ÝUNEP-iň metbugat sekretary Martina Otto aýtdy.
ÝUNEP-iň howandarlygynda durnukly sowadyşa geçmegi çaltlaşdyrmak maksady bilen «Salkynlyk üçin bileleşik» döredildi. Onuň maksady dünýä ýurtlaryna howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça milli meýilnamalaryna sowadyş usullaryny goşmaga kömek etmekden ybaratdyr. Hünärmenler täze tebigy çemeleşmeleriň sowadyş üçin çykdajylary azaltjakdygyna, ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny haýallatjakdygyna, şäher ilatynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmagyna, biodürlüligiň ýitmeginiň tizligini peseltjekdigine we iň esasysy jemgyýetiň saglygyny gorajakdygyna ynanýarlar.