Azi­ýa­nyň inf­rast­ruk­tu­ra ma­ýa go­ýum ban­ky (AIIB) bi­le­lik­dä­ki ösüş­le­re, ba­tyr­gaý in­no­wa­si­ýa­la­ra iter­gi be­rip, özü­niň gel­jek­dä­ki ösü­şin­de açyk­ly­gy­ny we köp ugur­ly­ly­gy­ny do­wam et­di­rer. AIIB özü­niň ösüş ýo­lun­da bi­le­lik­dä­ki mas­la­hat­la­ra, gur­lu­şyk­la­ra we bi­le­lik­de peý­da­lan­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne yzy­gi­der­li eýer­ýär. Bu ba­ra­da ýa­ňy-ýa­kyn­da AIIB-niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne gaý­ta­dan saý­la­nan Szin Lis­ýun habar berdi. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, özüniň ýolbaşçylyk edýän banky äh­li ag­za­la­ry­ny ösü­şe hö­wes­len­dir­ýän we adam­za­dyň umu­my bäh­bi­tlerini bir­leş­dir­ýän jem­gy­ýe­ti dö­ret­mä­ge go­şant goş­ýan tä­ze gu­ra­ma öw­rü­ler. 2016-njy ýyl­da Szin Lis­ýun bäş ýyl­lyk möh­let bi­len AIIB-niň ýol­baş­çy­sy we­zi­pe­si­ne saý­la­nyp, bu ma­li­ýe gu­ra­ma­sy­nyň il­kin­ji ýol­baş­çy­sy bol­dy. Onuň ýol­baş­çy­lyk eden döw­rün­de AIIB-niň ag­za­la­ry­nyň sa­ny 57-den 103-e ýet­di. Bu bolsa ban­kyň hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan giň­den yk­rar edi­len­di­gi­ni gör­kez­ýär.

– 29-njy iýul­da AIIB 24 se­bi­tiň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni öz içi­ne al­ýan 87 tas­la­ma­ny tas­syk­la­dy, şol bir wag­tyň özün­de ma­ýa go­ýum­la­ryň umu­my muk­da­ry ABŞ-nyň 19,6 mil­liard dol­la­ry­na ýet­di. Hä­zir­ki wagt­da biz Bü­tin­dün­ýä ban­ky, Azi­ýa Ösüş Ban­ky ýa­ly beý­le­ki köp­ta­rap­la­ýyn ös­ýän bank­lar bi­len yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­my­zy ýaý­baň­lan­dyr­ýa­rys. AIIB-e ag­za ýurt­la­ryň kö­pü­si ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni öz mil­li wal­ýu­ta­la­ryn­da al­ma­ga ýyk­gyn ed­ýän­di­gi­ne gö­rä, biz ýer­li wal­ýu­ta­nyň 13-sin­de ag­za­la­ry­my­za karz be­rip bil­ýä­ris. Hä­zir­ki wagt­da bank gel­je­gi na­zar­lap, iki mak­sa­da eýer­ýän ösüş stra­te­gi­ýa­sy­ny iş­läp düz­ýär. 2025-nji ýy­la çen­li bank karz­la­ry­nyň ýyl­lyk muk­da­ry ABŞ-nyň 10 mil­liard dol­la­ry­na ýe­tip, şo­lar­dan 50%-ini ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne gar­şy gö­re­şe gö­nük­di­rer. 2030-njy ýy­la çen­li ma­li­ýe­leş­dir­me­giň 25-30%-i da­şar­ky tas­la­ma­la­ra sarp edi­ler. Şeý­le hem AIIB ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne gar­şy gö­reş üçin tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ma­ga ün­si jem­lär we gel­jek­de has köp hu­su­sy ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mä­ge ta­gal­la eder – di­ýip, ban­kyň ýol­baş­çy­sy Szin Lis­ýun bel­le­di.
– Hä­zir­ki wagt­da bank ABŞ-nyň ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry, şol san­da, «Bank of New York Mel­lon» we «Gold­man Sachs» ýa­ly maliýe edaralary bi­len ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Şu ýy­lyň ap­rel aýyn­da AIIB dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ry na­za­ra alyp, 10 mil­liard dol­lar­lyk gaz­na esas­lan­dy­ryp, soň­ra ony 13 mil­liard dol­la­ra çen­li art­dyr­dy. 2020-nji ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de Hy­ta­ýyň je­mi içer­ki önü­mi 3,2% ýo­kar­lan­dy – di­ýip, Szin Lis­ýun aýt­dy.
Szin Lis­ýun Hy­ta­ýyň 2020-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­my­nyň yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di. – Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti hä­zir­ki wagt­da nä­bel­li­lik we dur­nuk­syz­lyk bi­len ýüz­be-ýüz bol­sa-da, Hy­ta­ýyň ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­da yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni sak­la­mak we ýy­lyň do­wa­myn­da amat­ly yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri ga­zan­mak müm­kin­çi­li­gi ýo­ka­ry – di­ýip, ol bel­le­di.

Azi­ýa­nyň inf­rast­ruk­tu­ra
ma­ýa go­ýum ban­ky, (AIIB)
HHR-iň baş­lan­gy­jy bi­len esas­lan­dy­ry­lan bu bank köp­ta­rap­la­ýyn ösü­şi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bank il­ki­baş­da Azi­ýa-Ýu­waş um­man se­bi­tin­de ma­li­ýe we öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ ýo­la goý­mak, Azi­ýa­da iri inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­di. Ştab-kwar­ti­ra­sy Pe­kin­de ýer­leş­ýän bu gu­ra­ma 2014-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lyp, 2016-njy ýyl­da res­mi taý­dan iş­läp baş­la­dy. Dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­na karz ýar­da­my­ny ber­ýän bu ban­kyň go­run­da hä­zir­ki wagt­da 100 mil­liard dol­lar­dan gow­rak ser­ma­ýa bar­dy­gy ha­bar be­ril­ýär.

Ta­ry­hy
Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, Hal­ka­ra pul gaz­na­sy, Dün­ýä ban­ky we Azi­ýa ösüş ban­ky bu ban­kyň bo­lup bi­läý­jek bäs­deş­le­ri­dir. AIIB ba­ra­da­ky il­kin­ji mag­lu­mat­lar 2013-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da peý­da bol­dy. HHR-iň baş­ly­gy Si Szin­pi­n In­do­ne­zi­ýa sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da ýur­duň Pre­zi­den­ti Su­si­lo Bam­bang Ýu­do­ýo­no bi­len gep­le­şik­le­ri­niň do­wa­myn­da Azi­ýa se­bi­tin­de ösü­şe we yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­ga ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len şeý­le ban­ky esas­lan­dyr­mak pi­ki­rini or­ta at­ýar. Hy­taý 2014-nji ýyl­da Hin­dis­ta­ny bu tas­la­ma go­şu­lyş­ma­ga ça­gyr­ýar. 2014-nji ýy­lyň 24-nji okt­ýab­ryn­da Pe­kin­de öza­ra hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da­ky me­mo­ran­du­ma gol çe­kil­ýär. Bu me­mo­ran­du­ma Hy­taý, Hin­dis­tan, Tai­land, Ma­laý­zi­ýa, Sin­ga­pur, Fi­lip­pin­ler, Pa­kis­tan, Bang­la­deş, Bru­neý, Kam­bo­ji, Ga­za­gys­tan, Ku­weýt, La­os, Mýan­ma, Mon­go­li­ýa, Ne­pal, Oman, Ka­tar, Şri-Lan­ka, Öz­be­gis­tan we Wýet­nam ýa­ly 21 döw­le­tiň we­kil­le­ri gol çek­ýär­ler.
In­di­ki tap­gyr gu­ra­ma­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky yla­la­şyk bo­lup, ol 2014-nji ýy­lyň 27-28-nji no­ýab­ryn­da Kun­min­de ag­za ýurt­la­ryň we­kil­le­ri­niň du­şu­şy­gyn­da baş­lan­ýar. Ol 2015-nji ýy­lyň 15-16-njy ýan­wa­ryn­da ge­çi­ri­len Mum­baý du­şu­şy­gyn­da do­wam et­di­ri­lip, şol ýy­lyň 30-31-nji mar­tyn­da Al­ma­ty­da ge­çi­ri­len üçün­ji du­şu­şyk­da yla­la­şy­gyň gu­tar­nyk­ly taý­ýar­la­nan­dy­gy mä­lim edil­ýär we esas­lan­dy­ry­jy ýurt­la­ra gol çek­mä­ge hö­dür­len­ýär.

Gat­na­şy­jy ýurt­lar
Hy­taý gel­jek­ki gu­ra­ma­nyň ser­ma­ýa­sy­nyň deň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy­ny üp­jün et­me­gi tek­lip edip, onuň baş­lyk­ly­gy­na we işi­ne da­laş­gär­lik et­me­ýän gu­ra­ma­çy ýurt hök­mün­de öňe saý­lan­ýar. Il­ki bi­len, «Öza­ra hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da­ky me­mo­ran­du­ma» 21 döw­le­tiň we­kil­le­ri gol çe­kip, soň­ra oňa beý­le­ki esas­lan­dy­ry­jy ag­za­lar gol çek­ýär­ler. 2015-nji ýy­lyň 20-nji ap­re­li­ne çen­li me­mo­ran­du­ma 57 döw­let go­şu­lyş­ýar. 2015-nji ýy­lyň 29-njy iýu­nyn­da 57 ýur­duň we­kil­le­ri ban­ky dö­ret­mek ha­kyn­da­ky yla­la­şy­ga gol çek­ýär­ler. Hy­taý, Hin­dis­tan we Rus­si­ýa iri paý­dar­lar hök­mün­de öňe saý­lan­ýar­lar. Şu gün­ki gün­de ban­kyň ag­za­la­ry­nyň umu­my sa­ny 103-e ýet­di.