Dünýäniň ilatynyň 43 göterimi iki dilde gepläp bilýär. Iki we ondan köp dil bilmegiň peýdaly taraplary az däl. Häzirki wagtda jemgyýetiň ösmegi halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary has hem kämilleşdirýär. Bu bolsa, beýleki halklaryň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny öwrenmäge gyzyklanma döredýär. Şol dile düşünmek bolsa, olary öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bular biziň täze dil (hatda iki dili bilýän hem bolsak) öwrenmegimiz üçin sebäpdir.
Ýer ýüzünde 6000-7000 aralygynda dil bar. Her diliň özüne mahsus aýratynlyklary bar. Käbir diller bir-birine meňzeşräk bolsa, käsiniň elipbiýi meňzeş bolýar. Öňünden goşulma goşulýan, yzyndan goşulma goşulýan, goşulmasyz dilleriň bolşy ýaly has üýtgeşik kadalary bolan diller hem bar. Mysal üçin, hytaýda iň köp gepleşilýän dil bolan mandarinçede sözlemiň içinde sözleriň ýeriniň üýtgemegi bilen manysy üýtgeýär. Köp dilde hat çepden saga ýazylýan bolsa, arap we iwrit dillerinde sagdan çepe ýazylýar.
Haýsy dili öwrenmeli?
Dünýäde has köp ulanylýan diller siziň üçin has peýdaly bolup biler. Dünýäde iňlis dilinden başga-da, ispan, mandarin we fransuz dillerinde has köp gürleşilýär. Bu dillerde ýazylan kitaplaryň we beýleki çeşmeleriň köp bolmagy, size has köp maglumata düşünmäge mümkinçilik berer.
Çeşmeleriňizi köpeldiň!
Eýsem, bir dili has çalt we kämil öwrenmek üçin näme etmeli?! Täze dil öwrenmek üçin diňe mekdepde ýa-da beýleki okuwlarda berlen dersler bilen kanagatlanmaň! Daşary ýurt dilini özleşdirmek üçin başga çeşmeler gözläň! Şol dildäki multfilmlere, filmlere tomaşa etmek, özüňiziň halaýan kitaplaryňyzy okamak hem dili kämilleşdirmek üçin zerurdyr. Bulardan başga-da, onlaýn okuwlary, gepleşikleri diňlemek dile düşünmek ukybyňyzy artdyrar. Smartfonlar arkaly peýdalanyp bolýan programmalar bolsa, söz baýlygyňyzy artdyrmaga ýardam eder. Eger-de bir dili täzelikde öwrenip başlan bolsaňyz, okuw sapaklaryndan daşgary 10-20 minut bu programmalardan peýdalanmak siziň üçin gowy bolar.
Türgenleşmekden lezzet alyň!
Islendik işde üstünlige ýetmek üçin öňünden türgenleşmek gerek. Bu dil öwrenmek meselesinde hem şeýle. Öwrenýän diliňiziň gündelik durmuşda nähili ulanylýandygyny görmek üçin ýa şol dilde gepleşýän adamlar bilen söhbetdeş bolmaly, ýa-da gepleşýänlere tomaşa etmeli. Ene-atalaryňyzdan öwrenýän diliňizdäki aýdymlary tapmagyny soraň. Aýdymyň sözlerini okap, ýat tutuň! Soňra bolsa aýdymy ýazga seretmän, bilelikde ýerine ýetiriň! Şeýlelikde, sözler we olaryň manylary has gowy ýadyňyzda galar. Kitaphanalardan ýa-da kitap dükanlaryndan suratlar arkaly dil öwredýän gollanmalary alyň!
Öwrenýän diliňizi has gowy bilýän dostuňyz, ýakynyňyz bar bolsa, bilelikde şol dilde gepleşiň!