Ýewropanyň iň köp syýahatçy barýan ýurtlarynyň biri bolan Ispaniýa şu ýylyň iýul aýynda 2,1 million jahankeşde kabul etdi. Ýurduň ykdysadyýetinde syýahatçylyk pudagynyň orny uludyr. Bu barada Ispaniýanyň Senagat, söwda we syýahatçylyk ministrligine degişli Syýahatçylyk instituty habar berdi.
Syýahatçylyk boýunça döwlet sekretary Fernando Waldesiň aýtmagyna görä, häzirki döwürde dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, daşary ýurtly syýahatçylara hyzmat etmek babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem ol gelýän jahankeşdeleriň sanynyň Ispaniýanyň iň bir gelim-gidimli ýerdigini görkezýändigini belledi.
Syýahatçylyk institutynyň maglumatyna laýyklykda, syýahatçylaryň agramly bölegi uçarlar arkaly geldiler. Ýanwar-iýun aýlary aralygynda halkara howa menzilleri arkaly gelen syýahatçylaryň sany 15,5 milliona deň boldy. Esasan hem, bu ýurda Germaniýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Italiýa, Belgiýa, Şweýsariýa, Polşa, Irlandiýa we Şwesiýa ýaly ýurtlardan has köp jahankeşde dynç almaga geldi.