Geomaglumatlar merkezi bu ugurda amala aşyrylýan uly ähmiýetli çäreleriň biridir, şeýle merkeziň döredilmeginiň zerurdygy barada hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanyp 14-nji awgustda geçirilen mejlisinde nygtady.
Bu merkez giňişlikler hem-de onuň bilen baglanyşykly şäher düzüminiň ähli desgalary baradaky maglumatlary toplamaga, saklamaga, seljermäge we 3D nusgasyny ulgamlaşdyrmaga gönüden-göni ýardam berer.
Milli Liderimiz şäherlerde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu giň gerimli işlere paýtagtymyz Aşgabatdan başlamalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara ýurdumyzyň baş şäheriniň 3D nusgasyny döretmek hem-de inženerçilik ulgamlaryny, binalary hem-de ýer böleklerini sanlylaşdyrmak boýunça çäreleri görmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu işleriň ählisi bilelikde inžener-kommunikasiýa ulgamlaryna düşýän agramy kesgitlemäge, öňde boljak şähergurluşyk işlerini modelleşdirmäge, boş ýer bölekleriniň möhüm binýadyny döretmäge kömek eder. Şeýlelikde, ýer serişdelerinden aýawly peýdalanmakda, olaryň maksadalaýyk ulanylmaýandygyny ýüze çykarmakda beýleki işleri geçirmäge şert döreder.
Başgaça aýdylanda, innowasiýa tehnologiýalary arkaly türkmen paýtagtyny geljekde hem ösdürmek we abadanlaşdyrmak üçin onuň düzümleri barada giňişleýin düşünje berýän maglumatlar kemala getiriler hem-de olara toplumlaýyn baha berler. Hojalyk, önümçilik, dolandyryş işleriniň sanlylaşdyrylmagy geljekde «akylly» şäherleri döretmäge mümkinçilik berer, olarda ilatyň zerurlyklary has doly we dessin kanagatlandyrylar.
Hormatly Prezidentimiz raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek meselelerine ünsi çekip, paýtagtymyzyň durmuş üpjünçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek, şäheriň sanly gurşawynyň döredilmegine ýardam berýän öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleriň üns merkezinde saklanylmalydygyny hemişe belleýär.
Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine gönükdirilendir. Bu ulgamda bellenilen maksatnamalaýyn çäreler bilimli jemgyýetiň kemala gelmegi, onuň maglumatlar giňişliginiň döredilmegi, harytlaryň hem-de hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün etmek we hilini ýokarlandyrmak arkaly, raýatlaryň abadançylyk hem-de durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, dürli ulgamlaryň dolandyrylmagynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.
Sanly ulgama geçmek ykdysadyýetiň milli nusgasyny ösdürmegiň möhüm tapgyryna öwrüldi. Bu ulgama geçmek döwlet Baştutanymyzyň anyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasynyň netijesinde mümkin boldy.
Bu strategiýa diňe bir durnukly oňyn ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysadyýetimiziň dünýä bazarynyň özgermegine uýgunlaşmaga hem-de daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleri azaltmaga mümkinçilik berdi.
Bu ulgamda kadalaşdyryjy-hukuk binýady hem kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Kanunlarynyň birnäçesi, şol sanda «Aragatnaşyk hakynda» (2019-njy ýylda-rejelenen görnüşde), «Türkmenistanyň Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Kanunlar we beýlekiler kabul edildi. Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň döredilmegi möhüm ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi.
Häzirki wagtda ministrlikler hem-de pudak edaralary, döwlet we telekeçilik düzümleri hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak hem-de zerur bolan ulgamlaýyn binýatlary döretmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar, täze web-saýtlary işläp taýýarlaýarlar we öňden bar bolanlarynyň işini kämilleşdirip, olara onlaýn görnüşinde hyzmatlary etmegiň usullaryny ornaşdyrýarlar.
Häkimlikleriň, pudak edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, bellige we hasaba almak işlerini ýeňilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem raýatlar üçin amatly bolar ýaly Türkmenistanyň hyzmatlar babatda bitewi döwlet saýty (e.gov.tm.) döredildi. Bu portal elektron usulynda döwlet hyzmatlaryny etmek üçin «Bir penjire» awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy görnüşindedir. Hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri, döwlet kärhanalary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen özara gatnaşyk edip, ýörite ykjam goşundylary döredýärler. Şeýle maksatnamalaryň esasy artykmaçlygy umumy elýeterlilikden hem-de olary ulanmagyň ýeňildiginden ybaratdyr. Ýurdumyzyň işewürleri daşary ýurt döwletleriniň tejribesini işjeň özleşdirýärler hem-de tutuş dünýäde giňden ýaýran döwrebap tehnologiýalary bazara getirýärler. Döwlet tarapyndan berilýän uly goldaw döwrebap sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönüden-göni ýardam edýär. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň fewral aýynyň başynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Aşgabatda hem-de welaýatlarda IT-merkezlerini döretmek üçin ABŞ-nyň 10 million dollarynyň bölünip berilýändigini habar berendigini bellemek möhümdir.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça görülýän netijeli çäreler milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryna innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak ugry bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn durnukly ösüşine ýardam eder.