Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň dün­ýä döw­let­le­ri bi­len hoş­ni­ýet­li hem-de dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry bar­ha ös­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ener­ge­ti­ka, ulag, oba ho­ja­ly­gy, ýe­ňil se­na­gat, bi­lim we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len bir ha­tar­da halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da dün­ýä döw­let­le­ri bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň has-da iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne, şol san­da yn­san­per­wer ugur­lar­da­ky gat­na­şyk­la­ryň hem pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu ugur­lar­da­ky gat­na­şyk­lar da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len wi­deo­mas­la­hat gör­nü­şin­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar.

Par­la­ment ýol­baş­çy­la­ry­nyň
mas­la­ha­ty
Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa dün­ýä döw­let­le­ri­niň Par­la­ment ýol­baş­çy­la­ry­nyň bä­şin­ji Bü­tin­dün­ýä mas­la­ha­ty­na gat­naş­dy. Wi­deo­mas­la­hat gör­nü­şin­de ge­çen bu fo­rum Par­la­men­ta­ra bir­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan Awst­ri­ýa­nyň par­la­men­ti­niň we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň hyz­mat­daş­lyk et­me­gin­de gu­ral­dy. Onuň işi­ne dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan 200-den gow­rak par­la­men­ta­ri gat­naş­dy. Bü­tin­dün­ýä mas­la­ha­ty «Adam­lar we Ýer ýü­zi üçin pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün ed­ýän kö­pu­gur­ly, has ne­ti­je­li par­la­ment ýol­baş­çy­ly­gy üçin» at­ly baş mow­zuk as­tyn­da ge­çi­ril­di.

Oňa gat­na­şy­jy­lar, şol san­da par­la­men­ta­ri­ler, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we­kil­le­ri we hal­ka­ra bi­ler­men­le­ri mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni, hu­su­san-da, pan­de­mi­ýa gar­şy umu­my gö­re­şi, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Mu­ňa hor­mat­ly Pre­zi­dentimiziň uly üns ber­ýän­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris.
Öz üs­tü­ne alan hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny, şol san­da döw­le­ti­mi­ziň ka­nun­çy­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­me­giň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge yg­rar­ly bo­lan Türk­me­nis­tan hä­zir­ki döw­rüň äh­li mö­hüm we­zi­pe­le­ri bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek we raý­daş­lyk ug­run­da çy­kyş ed­ýär.

Dok­ma, ha­ly we azyk
önüm­le­ri BAE ibe­ri­ler
Türk­me­nis­ta­nyň we Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Söw­da-se­na­gat eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da on­laýn du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Türk­men ta­ra­pyn­dan oňa Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň hem-de beý­le­ki eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Arap to­pa­ry­na BAE-niň Söw­da-se­na­gat eda­ra­la­ry­nyň fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş sek­re­ta­ry Hu­maýd Mo­ha­med ben Sa­lem ýol­baş­çy­lyk et­di. Gep­le­şik­ler Türk­me­nis­tan bi­len BAE-niň söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gel­je­gi­ne, öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny gi­ňelt­me­giň, eks­port-im­port amal­la­ry­ny ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­lan­dy.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da mil­li Liderimiziň mak­sa­da ok­gun­ly sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, bu ugur­da oňyn şert­ler dö­re­dil­di. Hu­su­san-da, BAE türk­men dok­ma we ha­ly önüm­le­ri­ni, azyk ha­ryt­la­ry iber­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ga­ral­dy.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da iki ýur­duň hu­su­sy ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri­niň te­le­ke­çi­lik mas­la­hat­la­ry­ny we on­laýn du­şu­şyk­la­ry­ny gu­ra­mak ba­ra­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy.

Türk­men-ru­myn
gat­na­şyk­la­ry ös­dü­ril­ýär
Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gin­de bu eda­ra­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň Ru­my­ni­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýet, ener­ge­ti­ka we işe­wür­lik gur­şa­wy mi­nist­ri W.Po­pes­ku bi­len on­laýn du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Ta­rap­lar iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň hä­zir­ki wagt­da­ky mö­hüm me­se­le­le­ri­niň bir­nä­çe­si­ni jik­me-jik ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. COVID – 19 pan­de­mi­ýa­sy­nyň öňü­ni al­mak­da we oňa gar­şy gö­reş­mek­de öza­ra hyz­mat­daş­ly­ga hem-de onuň yk­dy­sa­dy tä­sir­le­ri­ni ýe­ňip geç­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki he­re­ket­le­ri ut­gaş­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­di.
Mi­nistr­ler yk­dy­sa­dy we yl­my-teh­ni­ki hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-ru­myn Hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler hem-de to­pa­ryň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Du­şu­şyk­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lan hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy jä­het­le­ri­ne, şol san­da ener­ge­ti­ka, ulag, oba ho­ja­ly­gy, ýe­ňil se­na­gat, bi­lim we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­myn­da­ky ugur­la­ry­na se­re­dil­di.

Sag­lyk ul­ga­myn­da
hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy
Ýur­du­my­zyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gin­de Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň hal­ka­ra me­se­le­le­ri bo­ýun­ça sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nist­ri­niň we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Asa­di-La­ri­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Eý­ra­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri bi­len wi­deo­mas­la­hat gör­nü­şin­de du­şu­şyk ge­çi­ril­di.
COVID – 19 pan­de­mi­ýa­sy ze­rar­ly dün­ýä­de eme­le ge­len ýag­da­ýy na­za­ra al­mak bi­len ýi­ti ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da we ola­ryň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek­de tej­ri­be alyş­mak me­se­le­si­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di.
Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da tej­ri­be­si ba­ra­da aý­dy­lyp, hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len res­mi­na­ma­la­ryň mil­li Li­de­ri­mi­ziň baştutanlygynda ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ne­ti­je­si bo­lan­dy­gy bel­le­nil­di. Şol res­mi­na­ma­lar ýo­kanç we ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da, ola­ra gar­şy gö­reş­mek­de we ola­ryň öňü­ni al­mak­da döw­le­ti­mi­ziň ga­za­nan ýo­ka­ry de­re­je­si­ni tas­syk­la­ýar.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baştutanymyzyň yl­my dip­lo­ma­ti­ýa ug­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek, alym-luk­man­la­ryň, bi­ler­men­le­riň hem-de beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça hü­när­men­le­ri­niň pi­kir­le­ri­ni yzy­gi­der­li alyş­ma­gy üçin şert­le­ri dö­ret­mek mak­sa­dyn­da alym-luk­man­la­ryň hal­ka­ra Ge­ňe­şi­ni dö­ret­mek ba­ra­da öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry der­wa­ýys bo­lup dur­ýar.
Şeý­le hem du­şu­şy­gyň bar­şyn­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň beý­le­ki ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.