Berkarar Watanymyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, gözel Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Tebigat biziň dem alýan howamyz, içýän suwumyz, hasyl alýan topragymyz. Ol biziň saglygymyzyň we maddy durmuşymyzyň çeşmesidir, çünki adam tebigy serişdelerden – nebitden, gazdan, minerallardan we beýlekilerden durmuş üçin zerur bolan zatlaryny öndürýär, jaý gurýar, egin-eşikleri we döwrebap tehnikalary öndürýär. Her bir adam bir hakykata düşünmeli, tebigat – bu durmuşyň özüdir. Tebigaty goramak gerek. Biziň jemgyýetimiziň esasy wezipesi – ýaşlara ekologiýa babatda aň-bilim bermek bolup durýar.
Daşky gurşawy goramak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň BMG-niň çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, azon gatlagyny goramak, serhetüsti akýan suwlary we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak ýaly biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýalary tassyklamagy munuň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşaw baradaky maksatnamasy, Dünýäniň ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň onlarçasy amala aşyrylýar.
Ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak häzirki wagtda tutuş dünýäde möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Biziň ýurdumyzda hem bu meselä uly üns berilýär. Suw, ýer we biologik serişdeleri netijeli peýdalanmak, biologik köpdürlüligi we tebigy landşaftlary goramak, çölleşmä we tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek babatda uly işler geçirilýär.
Ýurdumyzda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, işiň ekologik taýdan howply görnüşlerini amala aşyrýan edaralar, kärhanalar, guramalar, şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplar, olaryň şahamçalary, wekilhanalary, şeýle hem edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplar üçin hökmany ekologik ätiýaçlandyrmasy girizildi.
Ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň artmagy ekologiýa abadançylygyny goramaga hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda innowasion, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna, gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologiýa standartlaryna we talaplaryna laýyklygyna gözegçiligiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen çäreler görülýär.
Abdylgapur Gapurow,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň hünärmeni.