Ýew­ro­pa­nyň yk­dy­sa­dy di­kel­diş we kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak boýunça me­ýil­na­ma­sy gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gy mak­sat edin­ýär. Şo­nuň üçin «ýa­şyl» ener­gi­ýa we­kil­le­ri we ener­gi­ýa ul­ga­my­nyň ope­ra­tor­la­ry ener­gi­ýa önüm­çi­li­gi­ni op­ti­mal­laş­dyr­mak üçin ho­wa mag­lu­mat­la­ry­na has köp üns ber­ýär­ler. 2019-njy ýyl Ýew­ro­pa­da has gü­neş­li ýyl bo­lup, ge­çen asy­ryň 80-nji ýyl­la­ryn­dan bä­ri yk­lym­da köp sa­gat­lyk gü­neş gö­rül­män­di. Bu ýag­daý Gün ener­gi­ýa­sy üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, 2018-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, ön­dü­ri­ji­lik kuw­wa­ty­ny iki es­se art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Bu bol­sa, soň­ky 10 ýyl­da iň uly ösüş­dir. Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň pa­ýy yzy­gi­der­li ar­typ, 2019-njy ýyl­da 34,6%-e ýet­di. Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň ösü­şi Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň di­kel­dil­me­gi üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, 2030-njy ýy­la çen­li bug gaz­la­ry­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­ny 50-55% azalt­mak ba­ra­da­ky ägirt uly me­ýil­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin mö­hüm orun eýe­lär.
– «Ýa­şyl» ener­gi­ýa­ny ulan­ma­ga ge­çiş Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan maý aýy­nyň ahy­ryn­da tek­lip edi­len di­kel­diş buk­ja­sy­nyň sü­tün­le­rin­den bi­ri­dir. «Ýew­ro­pa­da ýa­şyl şert­na­ma» at­ly stra­te­gi­ýa­myz, 2050-nji ýy­la çen­li ho­wa­nyň aras­sa­lan­ma­gy­ny ga­zan­ma­gy we yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär – di­ýip, Ýew­ro­pa­nyň Ener­ge­ti­ka bo­ýun­ça ko­mis­sa­ry Kad­ri Sim­son aýt­dy. Gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra ener­gi­ýa gul­lu­gy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ener­gi­ýa pudagynda tä­ze­len­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň pa­ýy­ny art­dy­ryp, gir­de­ji ga­za­nyp bi­ler.

«Ýa­şyl» elekt­rik birinji ýerde
«Ýa­şyl elekt­rik» ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ener­gi­ýa pu­da­gyn­da bi­rin­ji ýer­de dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu gör­ke­zi­ji 40%-e deň. Ga­zy­lyp alyn­ýan ýan­gyç­lar bi­len he­ni­zem elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 34%-i ön­dü­ril­ýär. Ýöne kö­mür beketlerinde onuň öndürilişi 2019-njy ýyl­da re­kord de­re­je­de 24% azal­dy. Onuň öwezi gaz bi­len bölekleýin dol­du­ryl­dy: bu ýer­de tak­my­nan, 12% ösüş bel­li­ge alyn­dy. Ne­ti­je­de, ener­gi­ýa pu­da­gyn­da ug­le­rod di­ok­si­di­niň zy­ňyn­dy­la­ry ep-es­li azal­dy. Şol bir wag­tyň özün­de, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­la­ryň hem­me­si kö­mürden halas bolup bil­me­di. Ger­ma­ni­ýa, Şwe­si­ýa we Awst­ri­ýa ýa­ly ýurt­lar kö­mür bilen işleýän elektrik be­ket­le­ri­ni ýap­sa-da, Pol­şa 2020-nji ýy­lyň il­kin­ji al­ty aýyn­da kö­mür­den köp muk­dar­da elekt­rik ön­dür­di.
Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň döw­let we hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry 2021-2027-nji ýyl­lar üçin bileleşigiň býu­je­ti­ni tassyklap, yk­dy­sa­dy di­kel­diş gaz­na­sy bo­ýun­ça yla­la­şyk ga­zan­dy­lar. «ÝB-niň gel­jek­ki nes­li» at­ly yk­dy­sa­dy di­kel­diş gaz­na­sy­nyň 750 mil­liard ýew­ro­dan yba­rat­dy­gy ha­bar be­ril­di. Bu gaz­na­dan gel­ýän se­riş­de­le­ri ulan­ma­gyň şer­ti, bi­le­le­şi­giň her bir ýur­du­na be­ril­ýän pul kömekleriň we karz­la­ryň azyn­dan 30%-iniň kli­mat tas­la­ma­la­ry­na gö­nük­di­ril­me­gi­dir. «Ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­ga, al­ter­na­tiw ener­ge­ti­ka, şeý­le-de ener­gi­ýa­ny tyg­şyt­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len tas­la­ma­lar 2050-nji ýy­la çen­li Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň bi­le­le­şik­de ug­le­rod­syz yk­dy­sa­dy­ýet gur­mak ba­ra­da­ky we­zi­pe­si­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne go­şant go­şar. Grant gör­nü­şin­de bö­lü­nip ber­len pul 2023-nji ýy­la çen­li do­ly paý­la­nyl­ma­ly­dyr.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň 1,074,3 mil­liard ýew­ro deň bo­lan býu­je­ti­niň köp bö­le­gi­niň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne gar­şy gö­reş bo­ýun­ça mak­sat­la­ra gö­nük­di­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di.