Alp daglarynda 70 milliona golaý adam ýaşaýar. «Alpine Space» maksatnamasy Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän 60-dan gowrak taslama arkaly bu sebitiň durnukly ösüşini goldaýar. Italiýanyň Dolomiti belentliginiň täsin dag gurluşlary bu sebitiň taryhynyň aýrylmaz bölegidir. «Alpine Space» maksatnamasynyň bir bölegi bolan «Atlas» Ýewropa taslamasy, Alp binagärlik mirasyny gorap saklamagy maksat edinýär. 1819-njy ýylda gurlan jaýy bolsa, muňa mysal hökmünde getirip bolar. Ol şol döwürde elektrik togy bolan ilkinji hususy binalaryň birine öwrülipdi. Taslamanyň goldawy bilen Elmar Gruber we onuň maşgalasy binany abatlady. Olar binanyň aýratynlygyny saklamak bilen birlikde, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmagyň hötdesinden geldiler.
– Bu jaýyň gurluşyny mümkingadar gorap saklamaga çalyşdyk. Penjirelerini täzeledik, emma şol bir wagtyň özünde asyl görnüşini goramak başartdy. Netije gaty gowy. Käwagt käbir kararlara şübhelenýärdik, ýöne ahyrynda başaran işlerimize özümizem geň galdyk.
– «Atlas» taslamasynyň hünärmenleri abatlanmaly binalaryň maglumat bazasyny döredýärler. Abatlaýyş işleriniň nusgalaryny maglumatlar binýadyna birleşdirýäris, köne binalary nädip dikeldip boljakdygyny, taryhylygyny we özüne çekijiligini saklamak bilen bir hatarda döwrebap amatlyklar bilen enjamlaşdyryp boljakdygyny görkezýäris – diýip, taslamanyň utgaşdyryjysy Fransiska Haas aýtdy.
Bu abatlaýyş işleri obanyň, häkimligiň we sebitiň tebigylygyny saklamaga hem kömek edýär. «Atlas» taslamasy «Alpine Space» maksatnamasynyň 63 taslamasynyň biridir. Bu maksatnama 2000-nji ýylda işe girizildi we Ýewropanyň jebislik syýasaty tarapyndan howandarlyk edilýär. Maksatnama Alp dag sebitindäki Awstriýa, Fransiýa, Germaniýa ýaly ýedi ýurdy öz içine alýar.
Ýewropa Bileleşiginiň sebitdäki tagallalarynyň maksady, transalp hyzmatdaşlygyny ösdürmekden we Alp daglarynda ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 2014-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli bu maksatnamanyň býujeti 139 million ýewro boldy. «Alpine Space» maksatnamasynyň çäklerindäki taslamanyň ýene biri «AlpES» diýlip atlandyrylýar. Daşky gurşaw boýunça hünärmenler tarapyndan utgaşdyrylan bu taslama dag ulgamlarynyň täsin tebigy giňişliklerini gorap saklamak boýunça teklipleriň işlenip düzülmegini öz içine alýar. Lukas Ergarter Wigl süýji suw ekoulgamlarynyň Alp sebiti üçin möhümdigini düşündirýär. – Aslynda, Alp daglary ýaşaýşyň bu ýerdäki esasyny düzýärler. Bu ekoulgamlaryň oňat ýagdaýda bolmagy üçin jogapkärçilik çekýäris, çünki olar geljekki nesillere zerur bolup biler – diýip, ol belledi. «AlpES» taslamasyna gatnaşyjylar sebitdäki süýji suw üpjünçiligine, şeýle hem iň köp barylýan daglyk ýerleriň abadançylygyna gözegçilik edýärler. Umuman alanyňda, olaryň üns merkezinde Alp sebitiniň 70 müň ýerli häkimiýeti we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bar.