Hy­ta­ýyň Şan­haý şä­he­ri­niň 22 mil­li­on­dan gow­rak ila­ty bo­lup, bu ýer­de be­lent bi­na­la­ryň ýüz­ler­çe­si bar. Şä­her ilat sa­ny ba­bat­da dün­ýä­de al­tyn­jy orun­da dur­ýar. Şä­her­dä­ki Şan­haý di­ňi at­ly 632 metr­lik bi­na dün­ýä­niň iň be­lent ikin­ji yma­ra­ty ha­sap­lan­ýar. Gök­di­rän­le­riň şä­he­rin­dä­ki bu bi­na­da dün­ýä­niň iň be­lent­dä­ki ki­tap dü­ka­ny ýer­leş­ýär. 127 gat­ly ja­ýyň 52-nji ga­tyn­da­ky «Duoyun» ki­tap dü­ka­nyn­da ki­tap­la­ryň we beý­le­ki gol­lan­ma­la­ryň baý çeş­me­si bar. Okal­ga za­ly hem bo­lan ki­tap dü­ka­ny he­mi­şe köp adam­ly. Giň ki­tap dü­ka­nyn­da 20 mü­ňe go­laý ki­tap bar. Ýer­den 239 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýän ki­tap dü­ka­ny­nyň uly aý­na­la­ry hem şä­he­ri ýo­kar­dan syn­lan­ma­k we içe­ri­niň ýag­ty bol­ma­gy üçin ýö­ri­te di­zaýn edi­lip­dir.
Ki­tap dü­ka­nyn­da bel­li ýa­zy­jy şa­hyr­lar oky­jy­la­ry bi­len du­şu­şyk ge­çi­rip, öz tä­ze eser­le­ri­ne gol çek­ýär­ler. Ki­tap dü­ka­nyn­da­ky tek­je­ler ýa­rym Aý gör­nüş­de ýer­leş­di­ri­lip, içi­niň giň we ýag­ty bol­ma­gy ga­za­ny­lyp­dyr. Dür­li gör­nüş­li otur­gyç­lar we stol­lar ki­tap oka­ma­ga we dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ki­tap dü­ka­nyn­dan Hu­an­pu der­ýa­sy­ny we şä­he­riň aja­ýyp keş­bi­ni syn­lap bol­ýar.