Te­bi­gat­da­ky iň tä­sin jan­dar­la­ryň bi­ri hem ko­lib­ri guş­la­ry­dyr. Bu guş­lar nä­çe ki­çi hem bol­sa, şe­kil taý­dan ada­ty guş­dan ta­pa­wu­dy ýok. Bir­nä­çe gör­nü­şi bo­lan bu guş­la­ryň iň ki­çi­si «Mel­li­su­ga he­le­nae» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Onuň ag­ra­my 1,6 gram. Be­de­ni­niň uzyn­ly­gy 5,7 san­ti­metr çe­me­si bol­up, köp bö­le­gi­ni guý­ru­gy bi­len çüň­ki eme­le ge­tir­ýär.
Ko­lib­ri­niň hö­wür­t­ge­si­niň ulu­ly­gy ýüw­se ýa­ly­jak bol­ýar. (Ýüw­sä­niň nä­me­di­gi­ni bil­me­ýän bol­sa­ňyz, ulu­lar­dan so­rap bi­ler­si­ňiz!).
Ko­lib­ri ýa­ly­rak ýe­ne bir guş bar – ki­çi wuds­tar («Acest­ru­ra bom­bus»). Bu guş­lar Pe­ru, Ko­lum­bi­ýa we Ek­wa­dor ýurt­la­ryn­da­ky subt­ro­pik we tro­pik to­kaý­lar­da ýa­şa­ýar. Ola­ryň ulu­ly­gy 7,8 sm tö­we­re­gi bol­ýar. Bu gu­şuň gys­ga guý­ruk­ly wuds­tar hem-de boý­ny me­nek­li wuds­tar at­ly urug­daş­la­ry hem bar.
Ki­çi göw­rüm­li bu guş­lar gül­le­riň şi­re­le­ri bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Ko­lib­ri guş­la­ry­nyň öz­le­ri­niň en­de­mi­ki bol­şy ýa­ly iý­mit­len­ýän ösüm­lik­le­ri­niň hem kö­pü­si şo­la­ryň ýa­şa­ýan ýe­ri­ne mah­sus­dyr.

Iň ki­çi ýu­murt­ga
Iň ki­çi guş ýu­murt­ga­sy 1998-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da ha­sa­ba alyn­dy. Gir­de­nek ko­lib­ri («Mel­li­su­ga mi­ni­ma») gu­şu­nyň ýu­murt­ga­sy öl­çe­nen­de ag­ra­my 0,026 gram, ulu­ly­gy 6,985 mm ge­lip­dir. Şeý­le­lik­de, bu ýu­murt­ga Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na girizilýär.
Gir­de­nek ko­lib­riniň ulu­ly­gy guý­ru­gy we çüň­ki ha­sa­ba al­nan­da 6 sm çe­me­si bol­ýar. Gir­de­nek ko­lib­ri­niň ag­ra­my 2–2,4 gram bol­ýar. Ola­ryň ýu­murt­ga­sy­nyň ulu­ly­gy 1 sm-den ki­çi, ag­ra­my 0,375 gram tö­we­re­gi bol­ýar.
Bu guş­lar Ýa­maý­ka, Gai­ti, Do­mi­ni­kan Res­pub­li­ka­sy we Pu­er­to-Ri­ko ýurt­la­ryn­da ýa­şa­ýar.

Ösümlikleriň kö­pel­me­gin­e täsiri
Te­bi­gat­da­ky jan­ly-jan­dar­lar bi­len ösüm­lik­le­riň ara­syn­da iki ta­rap üçin hem bäh­bit­li bo­lan gat­na­şy­gy gör­mek bol­ýar. Ko­lib­ri­le­riň ýa­şa­ýan ýe­rin­dä­ki gy­rym­sy agaç­la­ryň we beý­le­ki ösüm­lik­le­riň ow­nuk gül­le­ri adat­ça küý­ze şe­kil­lidir. Ol gül­le­ri­niň nek­ta­ry­ny (gü­lüň şi­re­si) di­ňe ko­lib­ri guş­la­ry in­çe­jik çüňk­le­ri ar­ka­ly iý­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, bu guşjagazlar gül­den-gü­le gon­mak ar­ka­ly olary toz­ga­lan­dyr­ýar. Toz­ga­la­nan ösüm­lik­ler to­hum­lap, onuň nes­li do­wam ed­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ra gö­rä, bir guş­ja­gaz bir gün­de 1500-den gow­rak gü­le gon­ýar. Bu bol­sa, ösüm­lik­le­riň kö­pel­me­gi üçin örän äh­mi­ýet­li­dir.

Ko­lib­ri­ler ba­ra­da tä­sin mag­lu­mat­lar
Örän ki­çi bo­lan­soň, ko­lib­ri­le­ri tap­mak, ola­ry su­ra­ta dü­şür­mek we ýaz­ga al­mak aň­sat däl.
Ko­lib­ri­ler se­kunt­da or­ta­ça 80 ge­zek ga­nat kak­ýar­lar. Mu­ny gö­züň bi­len saý­ga­ryp bol­ma­ýar. Teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry ka­me­ra­la­ry we te­le­wi­zor­la­ry ma­ha­bat­lan­dy­ran­da ko­lib­ri gu­şu­nyň uçu­şy­ny gör­kez­ýär­ler. Se­bä­bi, ony ýaz­ga al­mak we gör­kez­mek üçin ýo­ka­ry hil­li teh­no­lo­gi­ýa ze­rur­lyk du­ýul­ýar.
Köp­lenç gü­lüň şi­re­si bi­len iý­mit­len­ýän hem bol­sa­lar, ko­lib­ri­ler has ki­çi mör-mö­jek­le­ri hem iý­ýär.
Ko­lib­ri­ler ho­wa­da du­ran ýe­rin­de hem-de yz­ly­gy­na uçup bil­ýär­ler.
Bu guş­ja­gaz­lar mö­ýüň ke­re­bin­den we beý­le­ki ýum­şak zat­lar­dan peý­da­la­nyp, agaç­la­ryň şa­ha­la­ry­nda hö­würt­ge gur­ýar­lar.
Uç­ýan wag­ty bu guş­la­ryň ýü­re­gi­niň mi­nut­da 1200 ge­zek­den köp ur­ýan­dy­gy anyk­lan­dy.
Her gün öz ag­ra­myn­dan hem köp iý­mit iý­ýän bu guş­lar mart-iýun aý­la­ryn­da kö­pel­ýär­ler.
Ko­lib­ri­le­re te­bi­gy şert­ler­de di­ňe De­mir­ga­zyk we Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da duş gel­mek bol­ýar.