Düýn – 27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek we pagta ýygymyna girişmek babatda şu günler alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we häkimlere ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygynda hem gowy netijeleriň gazanylýandygyny belledi. Häzirki wagtda gallaçy hem-de pagtaçy daýhanlarymyz, ähli oba hojalyk işgärlerimiz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsümleriň ikisi, ýagny bugdaý ekişi hem-de pagta ýygymy ýetip gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz bu möwsümleri gysga wagtyň içinde, ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 2-nji sentýabryndan başlap bugdaý ekişine girişmäge hem-de Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 9-njy sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 16-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.