27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasyny amala aşyrmak boýunça çäreler barada hasabat berdi. Şu günki güne çenli Türkmenistan ekologiýa ugry boýunça halkara konwensiýalaryň hem-de köptaraplaýyn resminamalaryň 20-sine goşuldy. Munuň özi bellenilip geçilen ugurlarda milli, sebit we halkara derejesinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin berk hukuk binýadynyň döredilmegine ýardam edýär.

Diňe şu ýylyň dowamynda ýurdumyz daşky gurşawy goramak boýunça halkara resminamalaryň 4-sine goşuldy. Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy bellenildi. Garaşylyşy ýaly, bu Ýörite maksatnamany döretmek boýunça resminamanyň taslamasyna BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) 2021-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek mejlisinde garalar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary tarapyndan täze Hazar ekologiýa maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň taslamasy hem taýýarlanyldy. Bu resminama Hazaryň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly konwensiýa agza ýurtlaryň nobatdaky mejlisinde seretmek göz öňünde tutulýar.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ekologiýa ulgamynda halkara borçnamalary we milli hukuk namalaryny ýerine ýetirmäge aýratyn üns berýär. Degişli işleri yzygiderli geçirmek üçin ýurdumyzda Ekologiýa meseleleri boýunça iş toparyny döretmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň we daşky gurşawy goramagyň Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Milli Liderimiz beýan edilen teklipleri, umuman, makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda toplumlaýyn işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşýanlara ýüzlenip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça ileri tutulýan garaýyşlaryny özünde jemleýän başlangyçlar barada hem durup geçdi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleri hukuk taýdan goldamak boýunça milli Parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat bilen çykyş etdi. Habar berlişi ýaly, 22-nji awgustda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň onunjy maslahaty geçirildi. Onda kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Häzirki wagtda kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Hereket edýän kanunçylyk namalary kämilleşdirilýär.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.