Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Halkymyzyň ýaşaýşy üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegi, şol sanda şäheriň abadanlaşdyrylmagy we ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berýän milli Liderimiz öňde durýan wezipeleriň çözgüdine täzeçil çemeleşmeleriň zerurdygyna ünsi çekýär.
Uzak möhletleýin ösüşi nazara alyp, paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmak döwlet Baştutanymyzyň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa Watanymyzyň häzirki ösüşini we halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeniýetini özünde jemleýän ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp keşbinde öz beýanyny tapýar.
MILLI ITŞYNASLYK
DÜZÜMI BERKIDILÝÄR
Irden hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birine geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz milli itşynaslyk düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça taýýarlanan birnäçe taslamalary görkezdi.
Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän türkmen alabaýlarynyň Tohumçylyk merkezleriniň baş meýilnamasy we taslamalary hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynda gurulmagy meýilleşdirilýän Karantin merkeziniň baş meýilnamasy we taslamasy görkezildi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça şu ýyl «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi, onuň Düzgünnamasy we nyşany tassyklandy. Şeýle hem onuň ýolbaşçysy saýlandy we birleşigiň gözegçilik-barlag topary döredildi. Şeýle hem şu ýylyň maý aýynda Ahal welaýatynda weterinar hassahananyň we öý haýwanlaryny saklamak üçin toplumyň açylyş dabarasynyň bolandygyny bellemeli. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça bina edilen desgalar toplumy täze ugur bolmak bilen, häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär we ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edildi.
Milli Liderimiz Tohumçylyk merkeziniň taslamalary bilen jikme-jik tanyşdy. Merkeziň baş maksady arassa ganly alabaý itlerini köpeltmekden, rowaýata öwrülen alabaýlaryň tohumyny, onuň ähmiýetli häsiýet aýratynlyklaryny saklamakdan ybarat bolup durýar. Şeýle hem desgalar toplumynyň düzüminde gözegçilik-geçiriş bölümi, edara ediş binasy, işgärler üçin niýetlenen desga, sergi we türgenleşik meýdançalary, münberler, weterinar hyzmaty üçin toplum, beýleki degişli desgalar bar.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimize alabaýlaryň heýkel şekilleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Şolary binagärleriň we taslama düzüjileriň pikirine görä, merkezi girelgede hem-de toplumyň çäklerinde oturtmak meýilleşdirilýär. Bu ýerde şeýle hem türkmen alabaý itleriniň arasynda dürli ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen meýdançanyň baş meýilnamasy hem-de onuň çäklerinde ýerleşjek desgalaryň taslamalary görkezildi. Olaryň hatarynda münber, sergi we türgenleşik meýdançalary, weterinar gullugy we işgärler üçin otaglar, beýleki degişli binalar bar. Ahal welaýatynda hem 30 ite niýetlenen alabaýlar üçin Karantin merkeziniň gurluşygy göz öňünde tutulýar, onuň çäginde ugurdaş we kömekçi desgalar toplumy ýerleşdiriler.
Milli Liderimiz taslamalar bilen tanşyp, olar babatynda birnäçe belliklerini we tekliplerini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Tohumçylyk we Karantin merkezleri, türkmen alabaýlarynyň arasynda ýaryşlary geçirmek üçin meýdança ähli ölçegleri babatynda bellenilen maksadyna hem-de ýokary hil häsiýetnamalaryna laýyk gelmelidir.
Döwlet Baştutanymyz alabaýlaryň heýkelleriniň dürli görnüşleri bilen tanşyp, olarda türkmen itleriniň esasy häsiýetleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi.
ALTYN KÖLÜŇ TÄZE TASLAMALARY
Soňra milli Liderimiz paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda döredilýän täze dynç alyş zolagynyň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyza täze dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary hakynda anyk maglumat berýän taslamalaryň taýýarlanandygy we olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada hasabat berdi.
Özboluşly binagärlik çözgüdi bolan, bezeg aýratynlyklary, gurluşy boýunça tapawutlanýan hem-de ähli amatlyklary özünde jemleýän kottej toplumlarynyň taslamalary taýýarlandy. Bellenilişi ýaly, dynç alýanlar üçin amatly iki gatly kottej jaýlary, çagalar we sport meýdançalary, açyk ýüzüş howuzlary, akwaparklar, beýleki degişli desgalar gurlar. Şunuň bilen birlikde, bu ýerde edara ediş binasynyň, lukmançylyk we söwda-dynç alyş merkezleriniň, beýleki degişli desgalaryň gurluşygy meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu ýerde zerur bolan inženerçilik-tehniki we ýol düzümine degişli desgalar gurlar. Görkezilýän taslamalar, çyzgylar bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz täze gurluşyklaryň esasy ugurlary bilen gyzyklandy. Döwrebap dynç alyş düzümi döredilende, ýerli tebigy aýratynlyklar ýaly ähli ugurlar göz öňünde tutulmalydyr. Gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar tebigat bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir.
Görkezilen taslamalara birnäçe anyk bellikleri aýdyp we degişli düzedişleri girizip, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy nobatdaky gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşan ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň bu işler tamamlanandan soň, «Altyn kölüň» kenarynda 17-nji nobatdaky desgalaryň gurluşygyna girişmekleri barada anyk görkezmeleri berdi.
Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde kemala gelýän «Altyn köl» döwrebap dynç alyş zolagynda bina edilýän desgalaryň täze guruljak Aşgabat-sitiniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz munuň bilen baglanyşykly meseleler babatda düýpli oýlanyşmagy tabşyrdy.
ŞÄHERE GÖRK BERÝÄN TÄZE BINALAR
Soňra döwlet Baştutanymyz iş saparyny dowam edip, Aşgabadyň günorta böleginde bina edilýän Maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň ýanyna geldi. Ol ýerde desganyň potratçysy bolup durýan «Buig Batiman Internasional» fransuz kompaniýasynyň wekili bu möhüm täze gurluşykdaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Milli Liderimiziň garamagyna otaglaryň bezeg işleriniň taslamalary hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz taslamalar bilen tanşyp, işleriň barşyna ünsi çekdi.
Soňra milli Liderimiz şäheriň merkezine tarap ugrady. Bu ýerde S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty awtomobil geçelgesi hem-de pyýada geçelgeleri, şeýle hem çatrygyň merkezinde özboluşly desga bilen birlikde iki gatly ýolaýrydynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz täze «Diwan» myhmanhanasynyň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz ýolugruna paýtagtymyzyň bu künjeginde arassaçylyk ýagdaýynyň göwnejaý derejede saklanylmagyna, bu ýerde ýerleşen binalaryň daşky bezeg aýratynlyklaryna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda Aşgabadyň dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäher hökmünde öz ornuny barha berkidýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.