Ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak göz öňünde tutulandyr. Bu Konsepsiýada ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ony ösdürmek bilen bagly wezipeler tapgyrlara bölünip kesgitlenendir.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň köp sanlysynyň öz internet saýtlary hereket edýär. Ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalarynda we hususy birliklerde elektron resminamalary dolandyryş ulgamynyň girizilmegi bilen üstünlikli dolandyrylýan milli web-sahypalarymyz has-da işjeň, döwrebap ýagdaýa gelýärler we täze elektron hyzmatlaryny halkymyza hödürleýärler. Ähli edara-kärhanalaryň internet ulgamyna geçmegi olar bilen ýurdumyzyň ilatynyň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda ykjam aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer we Türkmenistanyň täze sanly keşbini emele getirer. Ýurdumyzda hereket edýän ähli internet sahypalarynyň amatly we bir umumy ulgamda elýeterli bolmagy üçin «bir penjireli» www.e.gov.tm. internet portaly döredildi.
Sanly ulgamyň işjeň durmuşa ornaşdyrylýan döwründe bank edaralary tarapyndan hem giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaňy-ýakynda «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan «Halkbank terminal» atly uzak aralykdan tölegleri geçirmegiň täze ykjam goşundysyny işe girizmäge taýýarlyk görülýändigi barada habarlar berildi. Bu ykjam goşundy söwda nokatlarynda hem-de hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşlerini giňeltmek, harytlar üçin hasaplaşyklaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. «Halkbank terminal» tehnologiýasynyň işe girizilmegi bilen söwda we hyzmatlar nokatlarynyň ykjam telefonlarynda sanly görnüşde degişli amallary geçirmek üçin programma üpjünçiligini ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Tölegleri uzak aralykdan geçirmegiň tehnologiýalaryny ýurdumyzyň söwda ulgamynda ornaşdyrmak üçin köp işler alnyp barylýar. «Senagat», «Rysgal» ýaly bank edaralary uzak aralykdan tölegleri geçirmäge niýetlenen kartlary ulanyşa girizdiler.
Işlenip taýýarlanylan «Halkbank terminal» aralykdan tölegler ulgamy harytlary satyjylaryň ýa-da hyzmatlary ýerine ýetirijileriň adaty smartfonlarynda goýuljakdygy hem-de häzire çenli ulanylan töleg terminallarynyň ýerini tutjakdygy, şeýle hem «Halkbank terminal» tehnologiýasynyň ozalky töleg ulgamyna hyzmat etmek boýunça çykdajylary aradan aýyrmaga şert döretjekdigi mälim edilýär.
Häzirki wagtda dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar zerarly jemgyýetçilik ýerlerinde bellenilen aralygy berjaý etmek düzgüniniň girizilen döwründe şeýle töleg amallaryny peýdalanmak aýratyn möhümdir. Söwda nokadyna gönüden-göni barmak zerurlygy ýüze çykan halatynda hem, nagt pullary ulanmagy azaltmak bilen, uzak aralykdan tölegleri peýdalanmak oňaýly bolar. Nagt pullar bilen iş salşanyňdan soňra hökmany suratda eliňizi zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalamak, ýuwmak zerurdyr, sebäbi kagyz pullaryň üsti bilen haýsydyr bir wiruslaryň geçmek ähtimallygy bardyr.
«Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň bu täze enjamyny ilki bilen türkmen dokma önüminiň alyjylary we satyjylary barlap gördüler. Şeýle tehnologiýanyň paýtagtymyzda açylan ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň täze söwda merkezinde ornaşdyrylmagy söwda hyzmatlarynda sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Soňky wagtlarda bu söwda dükanlary paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we onuň myhmanlarynyň iň köp gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Bu ýerde arzan hem-de amatly bahadan ýokary hilli türkmen dokma önümlerini satyn almak üçin ähli şertler döredilendir.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň ähli ýerlerde ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösmegi üçin esas bolar. Döreýän ýagdaýlary seljerip we päsgelçilikleri yzygiderli aradan aýryp, täze ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen biz dünýä bazarlarynda ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ep-esli artdyryp bileris.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler maksatnamasy ýurdumyzyň ilatynyň durmuşyny we hal-ýagdaýyny ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Jennet BABAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.