Elimde Gurbannazar Ezizowyň kitaby. Setirleri yzarlap otyrkam, gözlerim biygtyýar iki setirde saklandy galaýdy.
Adamlary söýmek – ýeňil iş däldir,
Adamlary söýmek – uly hünärdir…
Bu setirler, megerem, diňe meni däl, okan her bir adamy pikirlendirýän bolmaly. Çygry örän giň bolan bu setirler hemmelere, hemme hünärdäkilere, şol babatda, öz kärim bolan artistlik hünärindäkilere-de dahyllydy. Çünki, adam bilen, olaryň ruhy dünýäsi bilen gönümel baglanyşykly bu ugurdan sapak alyp başlanymyzdan bäri, mugallymlarymdan, halypalardan eşiden hem eşidýän sözlerim, ine, şular: «Siz nirä, haýsy dünýä geleniňizi bilýäňizmi? Siz adamlaryň durmuşlaryny, içki dünýälerini çuňňur öwrenilýän ýere geldiňiz. Ondan soň olary ýene özlerine sahnaň üsti bilen görkezip, adamlarda birek-birege, hat-da, öz-özlerine-de düşünmäge çagyrylýan ýere geldiňiz. Öz gahrymanlaryňyzy, ýagny, adamlary söýmek, siziň gönümel borjuňyzdyr!»
Çagalygyndan artist bolasy gelýän adamlaryň häsiýet aýratynlyklary maňa juda tanyş. Duýguçyllyk, synçylyk, adam häsiýetlerindäki dürli öwüşginleri öwrenesi gelmek, bolýan wakalara özüçe seljerme bermek. Bu hallaryň hemmesi artist bolasy gelýän ýaş zehiniň ýöräp gelýän ýodasyny teatr diýen jadyly dünýä alyp gelýär. Aslynda, artistlik käri gadymy hünärleriň biri. Ýaşaýyş döräli bäri, tebigatyň iň syrly önümi bolan adamlaryň häsiýetlerini, duýgularyny öwrenýänligi üçin, megerem, bu sungat – artistlik sungaty hemmelere gyzykly görünýän bolsa gerek. Her hünäriň çuňluk derejesi bolýar. Artistiň çuňluk derejesini ölçeýän – tomaşaçy. Tomaşaçy sahnadaky artistiň näderejede kämil ýa-da kämil däldigini derrew aňýar. Haýran galaýmaly – näçe wagt, zähmet siňdirilip döredilýän sahna eserinde çykyş edýän artistleriň ussatlyk derejesini tomaşaçy sähel salymda kesgitläp bilýär. Tomaşaçylaryň «Ol gowy artist» diýen bahasyna mynasyp bolan onlarça halypalaryň geçen ýoluna nazar aýlaýarsyň hem-de «ussat artist» diýen hormatly ada mynasyp bolmak üçin olaryň goýup giden mekdebine okamaga gaýta-gaýta girýärsiň… Ol mekdebiň sapaklary bolsa, irginsiz zähmet, işiňe uly söýgi, adamlara söýgi, teatryň öňündäki, hünäriň öňündäki, Watanyň öňündäki borjuňa wepalylyk…
Elbetde, tebigy zehin bolmazdan, islendik hünäri ykbalyňa öwrüp bolmaz. Ýöne, şol zehini taraşlap, adamlara ýetirmek üçin köp zähmet gerek. Zähmet islendik zehini göwher kimin lowurdap duran gymmatlyga öwürýär. Muny bize durmuş subut ede-ede gelýär. Atlary türkmen teatr sungatynyň taryhyna hemişelik ýazylan ussat halypalaryň hemmesi diýen ýaly, juda zehinlidiklerine garamazdan, zähmete, yhlasa werziş bolupdyrlar. Türkmen teatrynyň gözbaşynda duran halypalaryň iş tejribelerini öwrenip ýörkäň, olaryň ýadaman-ýaltanman, irginsiz gözlegler bilen döredip giden keşpleriniň tomaşaçylaryň ýürekleriniň töründe hemişelik galandygyny duýýarsyň.
Ussat halypa Aman Gulmämmedow tüýs teatr üçin dünýä inen ýaly adam eken. Daýawdan gelen sypaýy daşky keşbi, içki dünýäsindäki goýazy häsiýetler Aman aganyň ene-atasyndan alan paýy, terbiýesi hem bolsa, tebigy zehinini ol öz janypkeşligi bilen kämilleşdiripdir. Öz ykbalyna öwren artistlik hünärindäki zähmetsöýerligi, erjelligi ony ussatlyk derejesine ýetiripdir. Her täze keşbe çemeleşmek Aman aga üçin täze bir dünýäni açmak bilen deň hatarda bolupdyr. Ol öz gahrymanlarynyň ähli häsiýetlerini halk köpçüliginden – adamlary synlamakdan, öwrenmekden agtarypdyr. Aman aga barada rowaýata çalymdaş gürrüňleriň köpüsinde bir meňzeşlik bar. Ol hemişe adamlaryň iň gowy häsiýetlerini gözläpdir. «Her ýaman häsiýetli adamyň hem gowy taraplary hökman bolaýmaly» diýip, ol ynsanlaryň kalbyndaky çuňluklara aralaşypdyr. Ol erbet häsiýetli gahrymanlaryndan hem mähirli, gowy adam bolmaga ymtylýan gahryman ýasap bilipdir. Tomaşaça adamyň her ýalňyşynyň aňyrsynda ony düzetmäge hemişe ýer bolýanlygyny döreden keşpleriniň üsti bilen düşündirmäge çalşypdyr… Aman aganyň her döreden keşbi adamlaryň ýüregine juda golaý bolupdyr. Mollanepes adyndaky drama teatrynyň tomaşa zalynda Aman Gulmämmedowyň ýörite öz orny bar eken. Ol özi sahnada çykyş etmeýän günleri hem her gün sahna oýunlaryna tomaşa etmäge gelýän eken. Onuň teatr sungaty barada aýdyp giden sözleri artistler üçin ýazylmadyk kanun ýaly bir mukaddeslik bolup galypdyr. Belki, şonuň üçin bolsa gerek, Aman Gulmämmedow henize bu güne çenli milli teatrymyzyň iň meşhur halypasy hökmünde görülýär.
Türkmen kino sungatynyň meşhur ussady Alty Garlyýew hem öz sungat ýoluny teatryň ojagyndan alyp gaýdýar. Ýaşan manyly ömrüniň ýaşlyk ýyllary ony zähmet bilen taplaýar. Adamlaryň gylyk-häsiýetlerini öwrenip, ony keşplerine siňdirmek ondan irginsiz zähmeti hem erjelligi talap edipdir. Ol bolsa, öz-özünden gaty talapkär eken…
Bir gezek Mollanepes adyndaky drama teatrynda dramaturg N. W. Gogolyň «Derňewçi» eseri sahnalaşdyrylýar. Dünýäniň nusgawy eserleriniň hatarynda duran bu pýesadaky Hlestakowyň keşbini Alty Garlyýewe ynanýarlar. Sahna eserini sahnalaşdyrýan režissýor juda talabediji eken. Alty Garlyýew sahnada näçe jan etse-de, ol hemişe nägileligini bildiripdir. Ahyry Alty Garlyýew režissýordan sorapdyr:
– Aýtsaňyzlaň, keşbimi işleýşimde esasy bolmaýan zat näme?
Režissýor bada-bat jogap beripdir:
– Hlestakow – tebigaty boýunça örän çalasyn adam. Çakgan adam. Ol juda ýeňil gopýan adam, sahnadaky hereketleri göze ilmeýän çalasynlykda bolup geçmeli. Içki dünýäsindäki galagoply duýgulary onuň hereketlerine çykmaly. Sen ol gahrymanyň dünýäsini açyp bileňok…
Şol günki taýýarlyk tamamlanýar. Ertesi teatra işe gelen artistleriň ikinji gata çykylýan basgançakda oturan, eşikleri öl-myžžyk, derlemekden ýaňa süllümbaý bolan Alty Garlyýewe gözleri düşýär. Asyl, ol Hlestakowyň çalasynlygyny gazanmak üçin uzak gije şol basgançaklardan yzygiderli münüp-düşüp, taýýarlyk geçen bolsa nätjek… Sahnadaky gahrymanynyň keşbine golaýlamak üçin, has dogrusy, şol keşbe doly girmek üçin ol ýene-de näçe gijeleri ýeke özi sahnada geçiripdir. Ýeri gelende aýtsak, Alty Garlyýewiň «Derňewçidäki» ol keşbi diňe bir türkmen tomaşaçylarynyň däl, eýsem, şol döwürlerde Moskwada geçirilen medeniýet we sungat ongünlüginde ýerli tomaşaçylaryň, dünýä belli talapkär teatr öwrenijileriniň ýokary bahasyna mynasyp bolýar.
Türkmen döwlet medeniýet institutynda okap ýören döwürlerimiz Mollanepes adyndaky drama teatrynda gidýän sahna oýunlarynyň köpüsinde diýen ýaly sahna ussady Sona Myradowanyň dürli keşplerine tomaşa edýärdik. Indi görüp otursak, şol wagtlar ol togsanyň onlugyndan giren eken, zehine ýugrulan ömrüniň paýawlap barýan döwri eken… Onda-da, onuň sahnadaky gahrymanlary seni düýrmegiň bilen özüne dartyp alýardy. Halypa öz eneňe juda çalymdaş eneleriň sesi bilen kalpdan gürleýärdi, sahna bilen tomaşaçylaryň arasynda göze görünmeýän, diňe ýüregiň bilen duýup bolýan ýüplerden keşde çekýärdi. «Ýüpsüz kökermek» diýen aýtga şonda ilkinji gezek çynym bilen düşünipdim. Edil durmuşdaky ýaly, dürli eneleriň – onuň gahrymanlarynyň adaty bolşy, hereketleri, gözlerindäki gussaly bakyşlary Sona Myradowany sahnada görmek nesibesi çeken tomaşaçylaryň şu güne çenli ýatlaryndan çykanok.. Indi-indi görüp otursak, şol hakykaty – sahnadaky gahrymanyň keşbini döretmek üçin näçe irginsiz zähmet, erjellik, öz işiňe doly berilmek gerek eken. Iň esasysy hem, adamlary – her häsiýetde bolsa-da, sahna gahrymanlaryňy, sahna tomaşa edýän tomaşaçylary ýüregiň bilen söýmeli eken…
Şahyryň iki setirine ýaňadan göz aýladym.
Adamlary söýmek – ýeňil iş däldir,
Adamlary söýmek – uly hünärdir…
Halypalarymyň öz kärlerine – adamlary söýmek hünärlerine örän wepaly bolandyklaryna buýsandym. Birden hem, başga bir duýgy kalbymda sorag alamatyny oýardy: «A sen? Sende şeýle ukyp barmy?»
Bilmedim…
Gülälek Akmyradowa,
Türkmenistanyň baş drama teatrynyň sahna ussady.