Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin gorap saklamak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ekologiýa, bioköpdürlüligi saklamak, çölleşmä garşy göreş bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýän ýurdumyzda bu ulgamda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşulýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär. Bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy has-da iş­jeň­leş­di­ri­lip, bu ugur­da­ky hal­ka­ra şert­na­ma­lar bin­ýa­dy güýç­len­di­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar we mö­hüm baş­lan­gyç­lar öňe sü­rül­ýär. Şol baş­lan­gyç­lar dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň giň gol­da­wy­na my­na­syp bol­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mej­lis­le­rin­de, «Rio+20» Bü­tin­dün­ýä sam­mi­tin­de we beý­le­ki iri fo­rum­lar­da öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li we­zi­pe­le­riň çöz­gü­di­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Aş­ga­bat­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­ni aç­mak, BMG-niň Suw stra­te­gi­ýa­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak, Aral deň­zi­niň gur­şa­wy üçin BMG-niň ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň işin­de Aral me­se­le­si­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­mek ha­kyn­da­ky tek­lip­ler bar.
Hä­zi­re çen­li ýur­du­myz eko­lo­gi­ýa ug­ry bo­ýun­ça hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ryň hem-de köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň 20-si­ne go­şul­dy. Mu­nuň özi bel­le­ni­lip ge­çi­len ugur­lar­da mil­li, se­bit we hal­ka­ra de­re­je­sin­de ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak üçin berk hu­kuk bin­ýa­dy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Di­ňe şu ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­myz daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra res­mi­na­ma­la­ryň 4-si­ne go­şul­dy. Şeý­le hem milli Liderimiziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Aral deň­zi­niň se­bi­ti üçin
BMG-niň Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­nyň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň tas­la­ma­sy­ iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy.
Ýurdumyzyň 2017-2019-njy ýyl­lar­da Aral deň­zi­ni ha­las et­mek bo­ýun­ça Hal­ka­ra gaz­na­sy­na baş­lyk­lyk ed­ýän döw­rün­de bu ugur­da köp iş­le­r dur­mu­şa ge­çir­ildi. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ry­gy esa­syn­da Aral deň­zi­niň se­bi­ti üçin BMG-niň Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak işi ama­la aşy­ryl­dy.
2018-nji ýy­lyň 29-njy sent­ýab­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji mas­la­ha­tyn­da eden çy­ky­şyn­da Aral deň­zi­ni ha­las et­mek me­se­le­si­ni se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň hal­ka­ra bi­le­le­şik bi­len hyz­mat­daş­ly­gyn­da örän mö­hüm me­se­le­le­riň ha­ta­ryn­da gör­kez­di. Ara­ly ha­las et­mek me­se­le­si­ne eý­ýäm köp wagt­dan bä­ri di­ňe içer­ki, se­bit me­se­le­si hök­mün­de ga­ra­lyp bi­lin­mez di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz hä­zir­ki wagt­da bu me­se­lä­niň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi üçin dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň gol­da­wy, tä­ze mak­sa­da gö­nük­di­ri­len, top­lum­la­ýyn hal­ka­ra çe­me­le­şil­me­si, bu işe Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň iş­jeň we yzy­gi­der­li gat­naş­ma­gy ta­lap edil­ýär di­ýip bel­le­di. Şo­nuň üçin bu ugur­da taý­ýar­la­nan Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça res­mi­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­na BMG-niň Azi­ýa we Ýu­waş um­man bo­ýun­ça Yk­dy­sa­dy we dur­muş ko­mis­si­ýa­sy­nyň
(ES­KA­TO) 2021-nji ýy­lyň maý aýyn­da ge­çi­ril­jek mej­li­sin­de ga­ral­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Mun­dan baş­ga-da, eko­lo­gi­ýa ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyn­da Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­na hem uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ba­bat­da hem tä­ze Ha­zar eko­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­sy­nyň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň tas­la­ma­sy taý­ýar­la­nyl­dy. Bu res­mi­na­ma Ha­za­ryň de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­mak ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa ag­za ýurt­la­ryň no­bat­da­ky mej­li­sin­de se­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň eko­lo­gi­ýa dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny iler­let­mek we bu ul­gam­da hal­ka­ra-hu­kuk bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň BMG-niň Bio­lo­gik dür­lü­lik ha­kyn­da­ky kon­wen­si­ýa­sy­nyň Na­goý Tes­wir­na­ma­sy­na go­şul­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Türk­me­nis­tan eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry we mil­li hu­kuk na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­ýär. De­giş­li iş­le­ri yzy­gi­der­li ge­çir­mek üçin ýur­du­myz­da Eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri bo­ýun­ça iş to­pa­ry­ny dö­ret­mek hem me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Umu­man, ýur­du­myz BMG-niň te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­bat­da­ky esa­sy res­mi­na­ma­la­ry­ny, şol san­da Bio­lo­gik köp­dür­lü­lik ha­kyn­da­ky, Ozon gat­la­gy­ny go­ra­mak ha­kyn­da­ky, Çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş­mek ba­ra­da­ky Kon­wen­si­ýa­la­ry, Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Pa­riž Yla­la­şy­gy­ny tas­syk­lap, öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­tiň stan­dart­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, işiň äh­li ugur­la­ryn­da ýo­ka­ry eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­ny ber­jaý et­mek, se­bit we dün­ýä de­re­je­sin­de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek ug­run­da edil­ýän iş­ler eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa geç­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr.

Sa­lyh HU­DAÝ­BE­RE­NOW,
Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň
mu­gal­ly­my.