Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip bellenilýän «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda halkymyz mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyna täze zähmet üstünlikleri bilen barýar.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, gün­sa­ýyn öz­ger­ýän ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň güýç­li dep­gin­ler bi­len ös­ýän pu­dak­la­ry­nyň bi­ri-de, oba ho­ja­ly­gy pu­da­gy­dyr. Hä­zir­ki wagt­da, äh­li ugur­lar­da bol­şy ýa­ly, bu ul­ga­myň iş­gär­le­ri hem Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne go­şant goş­mak, baş baý­ra­my­my­za my­na­syp zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len bar­mak ug­run­da yh­las­ly iş alyp bar­ýar­lar. Mak­sat­na­ma­la­ýyn esas­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler­de ga­za­nyl­ýan gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­ler bol­sa ýur­du­myz­da azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­red­ýär.
Uly üs­tün­lik­le­r gazanylýan dö­wür­de oba ho­ja­ly­gy­ny has-da ös­dür­mek, oba zäh­met­keş­le­ri­niň dur­muş hal-ýag­da­ýy­ny bar­ha go­wu­lan­dyr­mak ug­run­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak üçin iri möç­ber­li ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­niň goý­be­ril­me­gi hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li döw­re­bap oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň we gu­ral­la­ry­nyň yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ma­gy ekin­le­ri ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­riň öz wag­tyn­da hem-de ta­la­ba­la­ýyk ge­çi­ril­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da oba ho­ja­ly­gyn­da me­ha­nizm­leş­di­ri­len iş­le­ri te­le­ma­tik san­ly elekt­ron ul­ga­my ar­ka­ly do­lan­dyr­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Bu hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni san­ly­la­ş­dyr­mak ba­bat­da be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň äh­li pu­dak­lar bi­len bir ha­tar­da oba ho­ja­ly­gyn­da hem giň­den or­naş­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
«Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da oba ho­ja­ly­gyn­da gyz­ga­laň­ly möw­süm baş­la­ndy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şu ýy­lyň 27-nji aw­gus­tyn­da ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da şu ýy­lyň 2-nji sent­ýab­ryn­dan baş­lap bug­daý eki­şi­ne gi­riş­mä­ge hem-de Ahal, Bal­kan, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da 9-njy sent­ýabr­da, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da bol­sa 16-njy sent­ýabr­da pag­ta ýy­gy­my­na baş­la­ma­ga ak pa­ta ber­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ryk­la­ry esa­syn­da güýz­lük bug­daý eki­şi­ni hem-de pag­ta ýy­gy­my­ny amat­ly möh­let­ler­de ge­çir­mek, oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ze­rur­lyk­la­ry üçin soň­ky ýyl­lar­da sa­tyn al­nan ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny we en­jam­la­ry ne­ti­je­li ulan­mak, eke­ran­çy­la­ryň hem-de me­ha­ni­za­tor­la­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mek, döw­le­te tab­şy­ry­lan ha­syl üçin pag­ta­çy­lar bi­len ha­sap­la­şyk­la­ry öz wag­tyn­da ge­çir­mek bo­ýun­ça hem de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Bug­daý we pag­ta ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­nyň esa­sy baý­lyk­la­ry­dyr. Bug­daý ýur­du­myz­da azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýän bol­sa, pag­ta ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty­nyň ösüş­li men­zil­le­ri­niň has-da ýo­ka­ry sep­git­le­re ýet­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar.
Tä­ze dok­ma kär­ha­na­la­ry­nyň gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän­di­gi­ni hem-de içer­ki önüm ön­dü­ri­ji­le­riň pag­ta önüm­le­ri­ne is­leg­le­ri­niň art­ýan­dy­gy­ny göz öňün­de tu­tup, bug­daý­dan art­ýan 70 müň gek­tar ýe­ri tä­ze ýy­lyň ha­sy­lyn­dan baş­lap, go­wa­ça ekil­ýän meý­dan­la­ra goş­mak göz öňün­de tu­tul­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­z ta­ra­pyn­dan «Bug­da­ýyň we pag­ta­nyň döw­let sa­tyn alyş ba­ha­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ha­kyn­da», «Oba ho­ja­lyk mak­sat­ly ýö­ri­te ýer gaz­na­sy­nyň möç­be­ri­ni tas­syk­la­mak ha­kyn­da» we «Ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­ri ma­li­ýe taý­dan gol­da­mak ha­kyn­da» ka­bul edil­en bir­nä­çe ka­rar­la­ryň oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da önüm­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne, ýer­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na hem-de tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne uly müm­kin­çi­lik ber­di. Şeý­le hem daý­han­la­ra iş­le­mä­ge, dö­ret­mä­ge, top­rak­dan bol ha­syl ön­dü­rip, ha­lal zäh­me­ti bi­len eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­ga ýur­du­myz­da äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Daý­han­la­ry­my­zyň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li döw­re­bap oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry we gu­ral­la­ry bi­len yzy­gi­der­li üp­jün edil­me­gi, olar üçin teh­ni­ki hyz­mat­la­ryň, mi­ne­ral dö­kün­le­riň, ýo­ka­ry hil­li to­hum­la­ryň we ekin­le­riň zy­ýan­keş­le­ri­ne gar­şy ula­nyl­ýan hi­mi­ki se­riş­de­le­riň ýe­ňil­lik­li ba­ha­lar­dan be­ril­me­gi hem-de ön­dü­ril­ýän önüm­ler üçin ha­sap­la­şyk­la­ryň öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da ak bug­da­ýyň, «ak al­ty­nyň», gök-bak­ja önüm­le­ri­niň, dür­li mi­we­le­riň we ir-iý­miş­le­riň bol ha­sy­ly ön­dü­ril­ýär hem-de azyk bol­çu­ly­gy­nyň bin­ýa­dy has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar.

Ýe­ňiş MAM­MO­WOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.