Netijeleri belli boldy. 30-njy awgustda Çernogoriýada geçirilen Parlament saýlawlarynda dolandyryjy Demokratik sosialistler partiýasy öz taryhynda iň pes netijeleriň birini görkezdi. Maglumatlara görä, Prezident Milo Jukanowiçiň ýolbaşçylyk edýän Çernogoriýanyň Demokratik sosialistler partiýasy 35% sese, beýleki toparlar bilelikde 47% töweregi sese eýe boldy. Çernogoriýada geçirilen häzirki Parlament saýlawlaryna saýlawçylaryň takmynan, 76%-iniň gatnaşmagy onuň esasy tapawutly aýratynlygy boldy.
Parlament saýlawlary geçiriler. Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwili Parlament saýlawlarynyň senesini resmi taýdan mälim etdi. Gruziýanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurtda saýlawlar oktýabr aýynyň soňky şenbesinde geçirilýär. Saýlaw kampaniýasynyň başlanmagy we saýlawlaryň geçiriljek güni 60 gün öňünden resmi taýdan yglan edilýär. «Şu gün saýlaw senesini yglan edýän kanuna gol çekdim. Konstitusiýada göz öňünde tutulyşy ýaly, 31-nji oktýabrda biziň ýurdumyzda Parlament saýlawlary geçiriler» diýlip, Prezidentiň beýanatynda bellenilýär.
Liwanyň täze Premýer-ministri. Parlament toparlary bilen geçirilen maslahatdan soň Liwanyň Prezidenti Mişel Aun Premýer-ministr wezipesine Mustafa Adibi belledi we oňa hökümet gurmagy tabşyrdy. Germaniýada ilçi bolup işlän liwanly diplomat 128 wekiliň 90-synyň goldawyna eýe boldy. Ol wezipä bellenenden soň geçirilen metbugat ýygnagynda zerur özgerişleri gyssagly amala aşyrmak üçin ýakyn wagtda täze hökümet gurmaga umyt edýändigini aýtdy. Şeýle hem, Liwanyň ähli partiýalaryny bilelikdäki tagallalar arkaly ýurdy ösdürmek üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.
Premýer-ministriň başlangyjy. Finlýandiýanyň Premýer-ministri Sanna Marin Sosial-demokratik partiýasynyň agzalarynyň öňünde eden çykyşynda häzirki sekiz sagatlyk iş gününi azaltmaga çagyryş edip, ýitgileri öndürijiligiň ýokarlanmagy bilen öwezini dolup boljakdygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, iş wagtynyň azaldylmagy hökümetiň durnukly maliýeleşdirmegi üpjün etmek ýa-da iş üpjünçiligini häzirki 73,7%-den 75%-e çenli ýokarlandyrmak maksatlaryna garşy gelmeýär. Şeýlelikde, Sanna Marin hökümet bileleşigindäki beýleki partiýalaryň agzalaryny dünýäde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli iş wagtyny azaltmak bilen baglanyşykly başlangyjyny ynandyrmaly bolar.
Üçünji boldy. «Tesla» we «SpaceX» ýaly amerikan kompaniýalaryna ýolbaşçylyk edýän işewür Ilon Maskyň baýlygy ilkinji gezek 115 milliard dollardan geçdi. Bu ýagdaýyň elektroulaglaryny, Gün batareýalaryny we beýleki energiýa saklaýyş ulgamlaryny öndürýän «Tesla» kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydygy bellenilýär. Birinji ýeri 202 milliard dollar maýasy bolan «Amazon» korporasiýasynyň başlygy Jeff Bezos, ikinji ýeri «Microsoft»-y esaslandyryjylaryň biri Bill Geýts (124 milliard dollar) eýeleýär. Maskyň baýlygynyň 115,4 milliard dollara ýetmegi bilen «Facebook»-yň başlygy Mark Sukerberg dördünji orna düşdi.
BSG-niň baş direktorynyň karary. 31-nji awgustda Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory Robert Azawedunyň möhletinden öň işinden çekilýändigi belli boldy. Azawedunyň wezipesinden çekilýändigi baradaky maglumatlar maý aýynda peýda bolup başlady. BSG-niň öňki başlygy 2013-nji ýylda işe başlady. 2017-nji ýylda ikinji möhlete saýlandy. Häzirki wagtda BSG-ä agza ýurtlar guramanyň wagtlaýyn baş direktoryny bellemek baradaky kararlaryny mälim etmediler. Ýeri gelende aýtsak, 164 döwlet BSG-niň agzasy bolup durýar.
Aýlanýan ekranly telefon. Koreýa Respublikasynyň LG kompaniýasy aýlanýan ekranly täsin telefonyny öndürer. «LG Wing» atly smartfonyň ekrany keseligine aýlananda, aşagynda ýene bir ekran peýda bolýar. Şeýlelikde, «T» harp görnüşli bolýan telefonda 8 dýuýmlyk esasy ekran hem-de 4 dýuým ululygyndaky aşaky ekran bar. Munuň ulanyjylara has köp ýeňillik döretjekdigi aýdylýar. «Snapdragon 765G» mikroprosessor oturdylan smartfon 8 GB wagtlaýyn ýat bilen üpjün edilipdir.
Uçýan taksi synag ediler. Awstriýanyň Lins şäherinde jemgyýetçilik ulagynyň üsti howa taksileri bilen doldurylar. Olar üçin infrastruktura 2021-nji ýylda gurlar. Bu ulaglar ýolagçylardan başga-da ýük daşarlar. Ýolagçysyz synag uçuşlary ilatsyz ýerlerde amala aşyrylar. Howa awtoulaglary üçin duralgalar Dunaýyň her iki kenarynda peýda bolar. Howa taksisi Awstriýa we Hytaý inženerleri tarapyndan bilelikde işlenip düzüldi. Synaglaryň dowamynda taslamanyň awtorlary awtoulaglaryň şäherlerde ulanylyşyny öwrenip, daşky gurşawa edýän täsirine baha bererler. Iki orunlyk aeroulagyň ýük göterijiligi 260 kilograma barabar.