Egin-eşi­gi­mi­ze bir se­bäp bi­len suw de­gen­de onuň reň­ki has go­ýy gö­rün­ýär. Eý­sem, mu­nuň se­bä­bi nä­me­kä?
Gör­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly zat­la­ryň äh­li­si şöh­lä­niň dö­wül­me­gi­ne ýa-da yza ser­pik­me­gi­ne bag­ly bol­ýar. As­lyn­da, suw de­gen ma­ta bö­le­gi­niň hem reň­ki üýt­ge­me­ýär. Ma­ta­nyň çyg­ly ýe­ri­ne dü­şüp yza ser­pik­ýän şöh­lä­niň muk­da­ry gu­ry ýe­rin­dä­ki­den az bol­ýar. Is­len­dik ma­ta bö­le­gi ýüp­lük­den ýa-da haý­sy­dyr bir sü­ýüm­den do­kal­ýar. Öz ge­ze­gin­de her bir sü­ýüm has ow­nuk sü­ýüm­ler­den eme­le gel­ýär. Ýag­ty­lyk Gün­den ýa-da çy­ra­dan ge­lip ma­ta­nyň ýü­zü­ne düş­ýär. Ýag­ty­lyk bir­nä­çe reňk­li şöh­le­ler­den eme­le ge­lip, her bir ji­sim onuň bir bö­le­gi­ni özü­ne siň­dir­ýär, bir bö­le­gi­ni bolsa, yzy­na ser­pik­dir­ýär. Yzy­na ser­pik­di­ri­len şöh­lä­niň reň­ki şol ji­si­miň reň­ki­ni eme­le ge­tir­ýär. Çyg­ly ma­ta­nyň ýüp­lük­le­ri­niň we ow­nuk sü­ýüm­le­ri­niň ara­syn­da­ky suw has köp şöh­lä­ni özü­ne çek­ýär. Şeý­le­lik­de, gu­ry ma­ta­nyň yzy­na ser­pik­dir­ýän şöh­le­si­ni suw özü­ne çe­ken­soň, has go­ýy reňk­li bo­lup gö­rün­ýär. Ma­ta­ siňen suw bu­ga­ryp, gu­ra­dy­gy­ça ol ýe­ne öň­ki reň­ki­ne gaý­dyp gel­ýär.
Şöh­lä­niň geç­ýän ýe­ri­niň ho­wa­sy­nyň dü­zü­mi hem ýag­ty­ly­ga tä­sir ed­ýär. My­sal üçin, ümür­li ho­wa­da gö­rüş ara­ly­gy azal­ýar. Se­bä­bi ho­wa­nyň dü­zü­min­dä­ki su­wuň muk­da­ry şöh­lä­niň ge­çi­şi­ni azald­ýar.