8-nji sent­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ABŞ-nyň dün­ýä bel­li «John Dee­re» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pag­ta ýy­gy­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ýur­du­my­za ge­lip gow­şan pag­ta ýy­gy­jy teh­ni­ka­la­ry­ny syn­la­dy. Mil­li Li­de­ri­miz kom­baýn­la­ryň teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry, ola­ryň iş­leý­şi we olar­da­ky müm­kin­çi­lik­ler bi­len tan­şyp, pag­ta ýy­gy­my­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek hem-de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly za­ýa­syz ýyg­nap al­mak me­se­le­le­ri­niň mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň de­giş­li Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, sa­tyn al­nan tä­ze teh­ni­ka­la­ryň 600-si iki tap­gyr­da ýur­du­my­za ge­lip go­wuş­dy. Ge­çen ýyl pag­ta ýyg­ýan kom­baýn­la­ryň 300-si ge­ti­ri­lip, olar bel­le­nen ter­tip­de we­la­ýat­la­ra paý­la­nyl­dy. Şu ýy­lyň pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­niň baş­lan­ma­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da bol­sa, ýo­kar­da ag­za­lan ma­şyn­la­ryň 300-si ge­lip go­wuş­dy.
«John Dee­re» kom­pa­ni­ýa­sy ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň öň­den gel­ýän hem-de yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri­dir. Dün­ýä bel­li ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy in­di 25 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri türk­men ba­za­ryn­da öz or­nu­ny eýe­le­mek bi­len, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň iň hä­zir­ki za­man nus­ga­la­ry­ny hö­dür­le­ýär. Hyz­mat­daş­ly­gyň şu döw­rün­de «John Dee­re» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýur­du­my­za dür­li oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň we en­jam­la­ry­nyň 8 mü­ňe go­la­ýy ge­ti­ril­di.

«John Dee­re 9970» –
tyg­şyt­ly we ön­jeý­li kom­baýn
Dört ha­tar­ly «John Dee­re 9970» kom­baý­ny­nyň hä­zir­ki za­man ky­sy­my 250 at güý­jü­ne ba­ra­bar bo­lan he­re­ket­len­di­ri­ji bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. Ol ula­nyş­da yg­ty­bar­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Onuň ön­dü­ri­ji­li­gi gi­je-gün­di­ziň, 10 sa­ga­dyň do­wa­myn­da or­ta­ça 12 gek­ta­ra, bun­ke­riň göw­rü­mi 4 ton­na ba­ra­bar­dyr. Ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­li­gi we tyg­şyt­ly­ly­gy se­bäp­li bu teh­ni­ka is­leg bil­dir­ýän ýurt­la­ryň sa­ny az däl. Ýy­gym teh­ni­ka­sy­nyň «John Dee­re Po­wer­Tech» at­ly he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň göw­rü­mi 8,1 lit­re ba­ra­bar bo­lup, kuw­wa­ty 250 at güý­jü­ne ba­ra­bar. Teh­ni­ka­nyň ka­bi­na­sy «Sound-Gard» ses we to­zan ge­çir­me­ýän teh­no­lo­gi­ýa bi­len üp­jün edi­lip­dir. Bu bol­sa me­ha­ni­za­to­ryň sag­ly­gy üçin peý­da­ly­dyr. Köp ýe­ri­niň ýe­ňil, em­ma berk ma­te­ri­al­dan ön­dü­ril­me­gi ýan­gyç sarp edi­li­şi­ni azald­ýar. Bö­lek­le­ri­niň ara­sy­ny go­wa­ça­nyň ha­tar ara­ly­gy­nyň giň­li­gi­ne gö­rä saz­lap bol­ýan bu teh­ni­ka hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de pag­ta ýyg­mak­da iň ön­jeý­li we tyg­şyt­ly kom­baýn ha­sap­lan­ýar.

Kom­pa­ni­ýa ba­ra­da
Oba ho­ja­lyk we gur­lu­şyk teh­ni­ka­la­ry­ny ön­dür­ýän ame­ri­kan kor­po­ra­si­ýa­sy di­zel he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri­ni we beý­le­ki agyr teh­ni­ka­la­ryň ätiýaçlyk şaýlaryny hem ön­dür­ýär. Ge­çen ýyl kom­pa­ni­ýa «For­tu­ne» ma­li­ýe žur­na­ly­nyň taý­ýar­la­ýan «For­tu­ne 500» sa­na­wyn­da gir­de­ji­si bo­ýun­ça ABŞ-da 87-nji, glo­bal de­re­je­de 329-njy orun­da bol­dy. Kor­po­ra­si­ýa­nyň paý­na­ma­la­ry Nýu-Ýor­kuň gaz­na bir­ža­syn­da DE ady bi­len he­re­ket ed­ýär. Ha­ryt ny­şa­nyn­da su­gu­nyň şe­ki­li ýer­leş­di­ri­len brend «Hiç zat su­gun ýa­ly yl­gap bil­mez» («Not­hing Runs Li­ke a Dee­re») sö­zü­ni şy­gar edi­nip­dir. Kor­po­ra­si­ýa 1837-nji ýyl­da ABŞ-nyň Il­li­no­ýs şta­ty­nyň Mo­lin şä­he­rin­de esas­lan­dy­ryl­ýar. Il­kin­ji no­bat­da, oba ho­ja­lyk gu­ral­la­ry­ny ön­dü­rip baş­lan kom­pa­ni­ýa wag­tyň geç­me­gi bi­len iş mal­la­ry­na go­şu­lyp ula­nyl­ýan, ýer sü­rül­ýän we be­je­ril­ýän gu­ral­la­ry ön­dür­ýär. Teh­ni­ka­nyň ös­me­gi bi­len has kä­mil ma­şyn­la­ry ön­dür­ýär. Hä­zir­ki wagt­da «John Dee­re»-niň dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da on­lar­ça hyz­mat­da­şy bar. Kor­po­ra­si­ýa oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň bir­nä­çe gör­nü­şi­ni, şol san­da, mek­ge­jö­wen, bug­daý, şa­ly, pag­ta ýy­gy­jy kom­baýn­la­ry, ýe­ri sür­ýän, eki­ne baş­dan-aýak ideg ed­ýän teh­ni­ka­la­ry we ola­ryň ag­re­gat­la­ry­ny ön­dür­ýär. «John Dee­re» gur­lu­şyk pu­da­gyn­da peý­da­la­nyl­ýan trak­tor­la­ryň, ga­zy­jy, ýük­leý­ji, te­kiz­leý­ji teh­ni­ka­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi­ni müş­de­ri­le­ri­ne ýe­tir­ýär. Önüm­çi­li­gin­de in­no­wa­si­ýa aý­ra­tyn üns ber­ýän kor­po­ra­si­ýa uzak­dan do­lan­dy­ryl­ýan we öz­baş­dak he­re­ket edip bil­ýän trak­tor­la­ry hem iş­läp taý­ýar­la­ýar.