10-njy sent­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Sind­zo Abe­niň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik bol­dy. Milli Liderimiz hem-de ýa­pon Hö­kü­me­ti­niň Baş­tu­ta­ny mä­hir­li sa­lam­la­şyp, öza­ra söh­bet­deş­lik­de döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň şu gün­ki ýag­da­ýy­ny we gel­je­gi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga müm­kin­çi­li­giň dö­rän­di­gi­ne ka­na­gat­lan­ma bil­dir­di­ler. Şol gat­na­şyk­lar bi­rek-bi­re­gi hor­mat­la­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne hem-de ta­rap­la­ryň öza­ra is­le­gi­ne esas­lan­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz soň­ky ýyl­lar­da tä­ze dep­gi­ne eýe bo­lan hem-de yzy­gi­der­li ös­ýän dost­luk­ly türk­men-ýa­pon gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne ber­ýän ün­si we gol­da­wy üçin Prem­ýer-mi­nistr Sind­zo Abe min­net­dar­lyk bil­di­rip, ýo­ka­ry de­re­je­de ýo­la goý­lan yzy­gi­der­li gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy has-da gi­ňelt­mek üçin mä­käm esas bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz Im­pe­ra­tor Na­ru­hi­to­nyň tag­ta çyk­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak mak­sa­dy bi­len, ge­çen ýy­lyň okt­ýab­ryn­da To­kio ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Ýa­po­ni­ýa­nyň Hö­kü­me­ti­niň Baş­tu­ta­ny bi­len bo­lan du­şu­şy­gy­ny aý­ra­tyn mä­hir bi­len ýat­la­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Açyk­lyk we bi­rek-bi­re­ge ynam bil­dir­mek ýag­da­ýyn­da ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da ta­rap­la­ryň ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge hem-de ony tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dyr­ma­ga bo­lan is­le­gi­niň üýt­gew­siz­di­gi tas­syk­la­nyl­dy.
Te­le­fon söh­bet­deş­li­gi­niň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prem­ýer-mi­nistr Sind­zo Abe Türk­me­nis­ta­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, şeý­le hem hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di­ler. Dün­ýä­niň hem-de se­bi­tiň ab­raý­ly gu­ra­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de öňe sü­rül­ýän ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ryň we tek­lip­le­riň öza­ra gol­da­nyl­ma­gy mu­nuň şeý­le­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.
Söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek türk­men-ýa­pon hyz­mat­daş­ly­gy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lar ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki wagt­da döw­le­ta­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­nyň stra­te­gik, dur­nuk­ly we uzak­möh­let­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy bel­le­nil­di.
Türk­me­nis­tan­da döw­re­bap ne­bit­gaz we gaz­hi­mi­ýa top­lum­la­ry­ny gur­mak bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ama­la aşy­ry­lan tas­la­ma­lar mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, biz gel­jek­de hem ýur­du­myz­da ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň iş­le­ri­ni gol­da­mak bi­len, ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi üçin amat­ly şert­le­ri dö­re­de­ris.
Soň­ky dö­wür­de me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da hyz­mat­daş­ly­gyň saz­la­şyk­ly ös­ýän­di­gi, mu­nuň iki döw­le­tiň halk­la­ry­ny ýa­kyn­laş­dyr­ma­gyň hem-de ola­ryň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry we öza­ra dü­şü­niş­me­gi ber­kit­me­giň mö­hüm şer­ti bo­lup dur­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, söh­bet­deş­ler ýo­la goý­lan ne­ti­je­li bi­lim hem-de ylym gat­na­şyk­la­ry­ny, şol san­da türk­men hü­när­men­le­ri­ni okat­mak we taý­ýar­la­mak ba­bat­da gat­na­şyk­la­ry has-da gi­ňelt­mek ba­ra­da bir pi­ki­re gel­di­ler.
Türk­me­nis­tan­da je­nap Sind­zo Abe­niň sag­lyk ýag­da­ýy se­bäp­li Prem­ýer-mi­nist­riň we­zi­pe­sin­den gid­ýän­di­gi ba­ra­da­ky ha­ba­ry dü­şün­mek bi­len ka­bul et­di­ler di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz öz söh­bet­de­şi­ne bi­le­lik­dä­ki iş­ler hem-de türk­men-ýa­pon gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge go­şan uly go­şan­dy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Şun­da Türk­me­nis­ta­nyň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ok­gun­ly ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi hem-de Ýa­po­ni­ýa­nyň tä­ze Hö­kü­me­ti bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­ga taý­ýar­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy.
Prem­ýer-mi­nistr Sind­zo Abe öz ady­na hem-de Ýa­po­ni­ýa ba­bat­da aý­dy­lan mä­hir­li söz­ler hem-de iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­ga yzy­gi­der­li ber­ýän gol­da­wy üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Türk­me­nis­tan­da en­çe­me tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy şol hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­si bo­lup dur­ýar.
Ýa­po­ni­ýa­nyň Hö­kü­me­ti­niň ýol­baş­çy­sy Türk­me­nis­ta­na ama­la aşy­ran sa­pa­ry­ny ýat­la­ýan­dy­gy­ny, şon­da mä­hir bi­len ka­bul edi­len­di­gi­ni bel­le­di. Je­nap Sind­zo Abe ýur­du­my­za bo­lan sa­pa­ry­nyň özün­de ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri gal­dy­ran­dy­gy­ny hem-de gö­zel­li­gi we ýyn­dam­ly­gy bi­len de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk aja­ýyp ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň üýt­ge­şik duý­gu­la­ry dö­re­den­di­gi­ni aýt­dy.
Je­nap Sind­zo Abe Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-ministriniň we­zi­pe­si­ni eýe­le­jek ýol­baş­çy­nyň iki­ta­rap­la­ýyn dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry we hyz­mat­daş­ly­gy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­gi do­wam et­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, türk­men Liderine döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­na hem-de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ber­ýän ün­si üçin ýe­ne-de bir ge­zek ho­şal­lyk bil­dir­di.
Yna­nyş­mak, dost­luk­ly ýag­daý­da ge­çen te­le­fon söh­bet­deş­li­gi­niň ahy­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hem-de Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­ri-bi­ri­ne hem-de iki ýur­duň halk­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.