Islendik ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň netijeliligi köp babatda ykdysadyýetiň döwlet tarapyndan netijeli düzgünleşdirilmegine baglydyr. Döwlet Baştutanymyzyň döwletimizi mundan beýläk hem ösdürmek boýunça strategik öňdengörüjiligi netijesinde önümçilikde ulanmaga degişli çig maly rejeli peýdalanmak hem-de olary taýýar önüme öwürmek maksady bilen, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de senagat kärhanalarynyň gurluşygyna ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ýeňillikli karzlaryň berilmegi babatyndaky mümkinçilikleriň döredilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek täze önümçilikleri döretmegiň hasabyna jemi içerki önümiň pudaklaýyn düzüminiň özgerdilmegi, ähli pudaklaryň, şeýle hem ýurdumyzyň sebitleriniň sazlaşykly ösdürilmegi, maýa goýumlaryň möçberleriniň köpeldilmegi, pul-karz, salgyt-býujet we nyrh syýasatyna täze usullaryň ornaşdyrylmagy, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilmegi, ilatyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiziň uzakmöhletleýin durmuş-ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Her bir pudagyň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň mazmuny, işleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagy, täze belent sepgitlere ýetmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň we taslamalarynyň esasynda öz işini üýtgedip guramagyny nazarlaýar.
Bu möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde senagat pudagyna möhüm orun degişli bolup, pudakda gazanylan oňyn netijeleriň milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan senagatlaşdyrmak syýasatynyň esasynda mümkin bolandygy, hususan-da, ýeňillikli bank karzlarynyň berýän ähmiýetini aýratyn nygtap geçmek bolar. Häzirki döwürde ýurdumyzda giň gerimde durmuşa geçirilýän senagatlaşdyrmak syýasaty diňe bir täze iş orunlarynyň sanynyň artmagyna, ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermän, eýsem, Türkmenistanyň çig mal ugrundan häzirki zaman ýokary tehnologiýaly senagata daýanýan innowasion ösüşini rowaçlandyrmaga hem giň mümkinçilikler açýar.
Munuň netijesinde «Agaýana» hususy kärhanasy tarapyndan Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň çäginde gowaçanyň baldaklaryndan, guran agaçlardan hem-de agaç galyndylaryndan DSP plitalarynyň önümçilik binasy guruldy.
Bu önümçilik desgasynyň binasyny gurmakda hem-de önümçiligi utgaşdyrmakda, ýokary hilli enjamlar bilen üpjün etmekde hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň 20-nji iýulyndaky «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» 12446 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ýeňillikli karzlaryň hasabyna ýyllyk 5 göterimli 10 ýyla çenli uzak möhletli karz serişdeler bilen maliýeleşdirildi. Bu önümçilik kärhanasy ýurdumyzyň senagat pudagynyň importa degişli önümleriň ýerini tutýan önümleriniň görnüşlerini artdyrmak hem-de milli önüm öndürijileriniň harytlarynyň daşarky bazarlara eksportyny artdyrmak babatynda durmuşa geçirilýän çärelerde oňyn täsirini ýetirer.
M. Kurtow,
Karz amallary müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.