ABŞ-nyň Stenford uniwersitetiniň SLAC barlaghanasynyň hünärmenleri 3 200 megapiksellik suraty düşürmegiň hötdesinden geldiler. Häzirki wagta çenli bir gezekde düşürilen suratlaryň arasynda iň uly göwrümlisi bolan bu sanly surat sensorlaryň birnäçesini birikdirmek arkaly düşürildi.
Piksel sany ýokary bolan bu tehnologiýa arkaly 24 kilometr uzaklykdan surata alnan golf topuny doly saýgarmak bolýar. Ýöne bu suratyň şekilini dolulygyna görmek üçin, kuwwatlylygy 378 4K deň bolan ekran gerek bolýar. Täze tehnologiýanyň ýakyn wagtda astronomik gözegçiliginde we ylmy barlaglarda ulanylyp başlanmagyna garaşylýar.
Suraty almak üçin ulanylan sepleýji sensorlar dünýäniň iň uly sanly fotoapparatyna ýerleşdiriler. Häzirki wagtda SLAC barlaghanasynyň hünärmenleri bu enjamy gurnamagyň üstünde işleýärler. Ägirt uly fotoapparat taýýar bolanyndan soňra Çiliniň Wera Rubin adyndaky obserwatoriýasynda gurnalyp, 10 ýylyň dowamynda Ýeriň günorta ýarym şaryndaky asmanyň panorama suratlaryny yzygiderli düşürer. Netijede bolsa, iň uly astronomik şekil emele geler. Şeýlelikde, älem giňişliginiň syrlaryny has içgin öwrenmäge mümkinçilik dörär.