Durmuşda häli-şindi gabat gelýän ýagdaýlarda belli bir netijä gelmek üçin adatça, öz içki duýgularymyzy ulanýarys, şoňa görä hereket edýäris. Geçirilen barlaglar bu hereketiň ýöne ýere däldigini ýüze çykardy.
Adamyň iýmit siňdiriş ulgamynda beýnidäki nerw öýjüklerine meňzeş geçirijileriň aýratyn ulgamy bar. Bu nerw ulgamy biziň belli bir netijä gelmegimize täsir edýär. Alymlar bu ulgamy «ikinji beýni» diýip atlandyrýarlar.
Kaliforniýa uniwersitetiniň ylmy işgäri doktor Emeran Maýeriň aýtmagyna görä, adamyň iýmit siňdiriş ulgamynda beýni bilen bäşdeş bolmaga ukyply nerw öýjükleri bar. «Ikinji beýni 50-100 million töweregi nerwi öýjüginden ybaratdyr. Bu mukdar oňurga ýiligindäki öýjükleriň sanyna barabardyr» diýip, doktor Maýer BBC-niň ylmy žurnalyna beren beýanatynda belläp geçýär.
Iýmit siňdiriş organlaryndaky nerw ulgamy adamyň esasy, ýagny kelle çanagynyň içinde ýerleşýän beýni bilen nerw damarlarynyň üsti bilen habarlaşýar. Alymlaryň pikirine görä, bu ikisiniň arasyndaky maglumat gatnawy netije çykarmak ukybymyza, özümizi duýşumyza we umumy saglygymyza täsir edýär.
Häzirki wagtda dünýäde «ikinji beýniniň» sagdyn durmuş ýörelgesini dowam etdirmekdäki täsiri bilen bagly ylmy işler alnyp barylýar.